Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran il­kin­ji döw­let sa­pa­ry örän ne­ti­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, şol bir wagt­da mö­hüm se­ne­le­ri hem öz içi­ne al­dy. Bu il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­nyň Türk­me­nis­tan bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan se­ne­sin­de ama­la aşy­ryl­ma­gy hem öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy ýur­du­my­zyň stra­te­gik hyz­mat­da­şy­dyr. 2013-nji ýyl­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na stra­te­gik hä­si­ýet be­ril­di we bu ugur­da mö­hüm res­mi­na­ma gol çe­kil­di. Umu­man, Türk­me­nis­tan özü­niň Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­za­nan il­kin­ji gün­le­rin­den bä­ri Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­dy.

Hä­zir­ki wagt­da türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry has be­lent sep­git­le­re ýe­ti­ril­di. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len iki do­gan­lyk ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­dy, sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da köp san­ly tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
Türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ryn­da tä­ze öňe­gi­diş­lik­le­ri ga­zan­mak, il­kin­ji no­bat­da, iki ýur­duň Liderleriniň stra­te­gik ýol­baş­çy­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­da Hy­ta­ýyň we Türk­me­nis­ta­nyň Baştutanlary dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, on­laýn usul­da ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hy­taý» sam­mi­ti­ne gat­naş­dy­lar, Pe­kin­de gu­ra­lan gyş­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň, şeý­le-de Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Sa­mar­kant­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň çäk­le­rin­de ýüz­be-ýüz gör­nüş­de du­şuş­dy­lar. Olar yzy­gi­der­li stra­te­gik gat­na­şyk­la­ry sak­la­mak bi­len, türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýär­ler, dür­li ul­gam­lar­da öza­ra he­re­ket­le­ri ös­dür­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär­ler.
Hy­taý köp ýyl­lar­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň iri söw­da hyz­mat­da­şy bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, Hy­ta­ýyň «Bir gu­şak, bir ýol» baş­lan­gy­jy we Türk­me­nis­ta­nyň «Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den gal­ky­ny­şy» stra­te­gi­ýa­sy has iç­gin ut­gaş­dy­ry­lyp, tä­ze hyz­mat­daş­lyk ugur­la­ry kes­git­len­ýär. Ener­get­ika, has ta­ky­gy, te­bi­gy gaz ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­nyň öze­ni ha­sap­lan­ýar. Türk­me­nis­tan hä­zi­re çen­li Hy­ta­ýa 350 mil­liard kub­metr­den gow­rak te­bi­gy ga­zy eks­port et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Hy­ta­ýa döw­let sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň Li­der­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da «ýa­şyl» ösüş, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, sport, ulag, mag­lu­mat we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri, şeý­le-de gaz ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di we olar ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na döw­let sa­pa­ry hal­ka­ra me­dia gi­ňiş­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Bu sa­pa­ryň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Žen­min Ži­bao» ga­ze­tin­de «Stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy» at­ly ma­ka­la­sy­nyň çap edil­me­gi we on­da türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­na gi­ňiş­le­ýin syn be­ril­me­gi dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösüş­li men­zil­le­ri­ni giň­den be­ýan ed­ýär.
Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne Hy­taý bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ug­ry hök­mün­de ga­ral­ýar. Äh­lu­mu­my go­şu­lyş­mak şert­le­rin­de ulag gat­naw­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi, üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň dö­re­dil­me­gi bar­ha uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, ol dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­ta­ýyň bi­le­lik­dä­ki ulag stra­te­gi­ýa­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler hem-de şert­ler bar. Bi­le­lik­dä­ki ge­og­ra­fik, se­riş­de, yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyň, ha­ryt­la­ry ýer­le­me­giň tä­ze ugur­la­ry­na çyk­mak üçin ar­tyk­maç­lyk­la­ryň peý­da­la­nyl­ma­gy bu stra­te­gi­ýa­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Hy­taý Türk­me­nis­ta­na ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my bo­ýun­ça ýar­dam ber­mä­ge taý­ýar. «Hy­taý ta­ra­py ulag üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny çalt­lan­dyr­mak­da we hä­zir­ki za­man ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek­de Türk­me­nis­ta­na ýar­dam ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär» diý­lip, Türk­me­nis­ta­nyň we Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­syn­da aý­dyl­dy.

Ka­dyr BAÝ­RA­MOW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.