13-nji ýan­war­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.