Awtoulag senagaty, tehnologiýa we energiýa önümçiligi ýaly ugurlarda iş alyp barýan “Ford”, “General Motors”, “Google”, “SunPower” we “Sunrun” kompaniýalary elektroulaglaryň diňe howany hapalamaýandygyndan başga-da artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler. Häzirki wagtda dolulygyna elektrik energiýasy ýa-da iki hereketlendirijili gibrid ulaglar ýokary islegden peýdalanýar. Bu bolsa, diňe awtoulag däl, beýleki ugurlarda hem iş alyp barýan kompaniýalaryň elektroulag önümçiligine çekilmegine getirýär. Esasan soňky 20 ýylyň dowamynda tehnologiýanyň kämilleşdirilmegi bilen adaty ýangyçly ulaglar ýaly rahat we kuwwatly elektroulaglar öndürilip başlandy. Käbir elektroulag modellerini bolsa, ýaşaýyş öýüni ýa-da haýsydyr bir enjama tok ýa-da zarýad bermek üçin hem peýdalanyp bolýar. Tehnologiýa kompaniýalarynyň taýýarlaýan täze çözgütleri netijesinde hatda elektrik toruna tok berip bilýän elektroulaglaryň hem öndürilmegi göz öňünde tutulýar. Bu ulaglar elektrik energiýasynyň az sarp edilýän wagty zarýad alyp, has köp sarp edilýän wagty elektrik toruna energiýa berip bilerler. Netijede, onuň eýesiniň ulagyna zarýad bermek üçin has az çykdajy etmäge mümkinçilik berer. Bu ulaglar şol şäherde elektrik energiýasynyň durnuklylygyna hem ýardam eder.
Rahmanberdi Gylyçdurdyýew, Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.