Golaýda Birki günlükde Türkmenabat şäheriniň taryhynda iň sowuk howa hasaba alyndy. «Meteožurnal» neşiri tarapyndan 1894-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän gözegçilikleriň netijesinde anna güni şäherde howa -25,4 gradusa çenli sowady. Bu bolsa şäheriň taryhyndaky rekord görkezijidir.

«Orientiň» habar berşi ýaly, Serhetabat şäherinde hem sowuk howa rekorda ýakynlaşdy. Bu şäherde gijesine temperatura -27° gradusa çenli düşdi. Şu ýylky gyş bu şäherde 1969-njy we 2008-nji ýyllaryň sowugyny hasaba almanyňda, bellige alynýan döwrüň taryhynda ikinji sowuk gyş boldy. Bu ýerde diňe 1905-nji ýylda has sowuk howa -33,8° dereje bolupdyr.

Aşgabatda iň pes temperatura anna güni -16,4° dereje boldy. Bu hem şäher üçin iň pes rekord temperaturadyr.

Şeýle hem adaty bolmadyk sowuklaryň zolagyna Mary welaýatynyň uly bolmadyk ýerleri, Lebap welaýatynyň günorta we merkezi etraplarynyň bir bölegi we Ahalyň günorta-gündogary girýär.