Italiýanyň “Eni” hem-de ABŞ-nyň “Chevron” kompaniýalary Ortaýer deňziniň günortasynda, Müsüriň kenarlaryna golaý ýerde “Nergis-1” atly gözleg guýusynda täze gaz goruny tapdy. Berlen maglumata görä, “Stena Forth” atly buraw gämisi tarapyndan açylan guýynyň jemi çuňlugy 309 metre, deňziň düýbünden aşaklygyna çuňlugy 61 metr töweregi. Bu gaz gory italýan kompaniýasynyň bar bolan gaz çykaryjy desgalaryna golaý bolup, şol desgalar arkaly özleşdirilip bilner.
Müsüriň iň uly gaz ýatagy hasaplanýan “Zohr”-daky “Nergis” deňiz sebitiniň meýdany 1800 inedördül kilometre ýetýär. Bu ýerdeki gazy özleşdirmegi öz üstüne alan “Chevron” onuň 45 göterimine eýeçilik edýär. Müsüriň “Tharwa Petroleum” kompaniýasynyň 10 göterimlik paýy bar.
Esasan, deňizden nebit-gaz çykarmak, özleşdirmek we akdyrmak bilen meşgullanýan “Eni” golaýda Norwegiýada hem deňizden gaz çykarmak üçin ygtyýarnama alypdy.
Italýan energiýa ägirdi Demirgazyk deňzinde Norwegiýa degişli bolan suw giňişliginde nebit-gaz gözlär.
Perhat Ataýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
PDF









