Täze gaz ýatagyny tapdy

83

Ita­li­ýa­nyň “Eni” hem-de ABŞ-nyň “Chevron” kom­pa­ni­ýa­la­ry Or­ta­ýer deň­zi­niň gü­nor­ta­syn­da, Mü­sü­riň ke­nar­la­ry­na go­laý ýer­de “Ner­gis-1” at­ly göz­leg gu­ýu­syn­da tä­ze gaz go­ru­ny tap­dy. Ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, “Ste­na Forth” at­ly bu­raw gä­mi­si ta­ra­pyn­dan açy­lan gu­ýy­nyň je­mi çuň­lu­gy 309 met­re, deň­ziň düý­bün­den aşak­ly­gy­na çuň­lu­gy 61 metr tö­we­re­gi. Bu gaz go­ry ital­ýan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bar bo­lan gaz çy­ka­ry­jy des­ga­la­ry­na go­laý bo­lup, şol des­ga­lar ar­ka­ly öz­leş­di­ri­lip bil­ner.
Mü­sü­riň iň uly gaz ýa­ta­gy ha­sap­lan­ýan “Zohr”-da­ky “Ner­gis” de­ňiz se­bi­ti­niň meý­da­ny 1800 ine­dör­dül ki­lo­met­re ýet­ýär. Bu ýer­de­ki ga­zy öz­leş­dir­me­gi öz üs­tü­ne alan “Chevron” onuň 45 gö­te­ri­mi­ne eýe­çi­lik ed­ýär. Mü­sü­riň “Thar­wa Pet­ro­le­um” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 10 gö­te­rim­lik pa­ýy bar.
Esa­san, de­ňiz­den ne­bit-gaz çy­kar­mak, öz­leş­dir­mek we ak­dyr­mak bi­len meş­gul­lan­ýan “Eni” go­laý­da Nor­we­gi­ýa­da hem de­ňiz­den gaz çy­kar­mak üçin yg­ty­ýar­na­ma alyp­dy.
Ital­ýan ener­gi­ýa ägir­di De­mir­ga­zyk deň­zin­de Nor­we­gi­ýa de­giş­li bo­lan suw gi­ňiş­li­gin­de ne­bit-gaz göz­lär.

Per­hat Ata­ýew, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.