“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadan amala aşyrýan uçar gatnawlary mundan beýläk Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline gonar.
Berlen maglumata görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinden we Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinden amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň gonýan ugry Aşgabat hökmünde üýtgediler. Bu düzgün 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer.
Mundan ozal, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinden amala aşyrýan gatnawy Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline gonýan bolsa, Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinden amala aşyrýan uçar gatnawy Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline gonýardy.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwadan we Kazandan Aşgabada aşakdaky reje boýunça gatnawlary ýerine ýetirer.
Moskwa-Aşgabat
T5704 — çarşenbe güni 00:15
T5710 — anna güni10:35
Kazan-Aşgabat
T5736 — duşenbe güni 00:35
T5738 — perşenbe güni 11:00
Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaý, Frankfurt, Stambul, Kazan we Moskwa şäherlerine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.
2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ähli gatnawlar Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline gonar.