Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­ta­ýyň ila­ty alt­myş ýyl­dan soň il­kin­ji ge­zek azal­dy. Hy­ta­ýyň Mil­li sta­tis­ti­ka eda­ra­sy 2022-nji ýy­lyň ahy­ryn­da­ky mag­lu­ma­ta gö­rä, ila­tyň 850 müň aza­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Şo­ňa la­ýyk­lyk­da ýur­duň ila­ty 1 mil­liard 411 mil­li­on bo­lup­dyr. 2021-nji ýyl­da te­bi­gy kö­pe­liş de­re­je­si müň­den 7,52 bol­sa-da, bu de­re­je 2022-nji ýyl­da 6,77-e dü­şüp­dir.
Bi­ler­men­ler Hy­ta­ýyň ila­ty­nyň 2050-nji ýy­la çen­li 109 mil­li­on adam azal­jak­dy­gy­na çak­la­ýar­lar.
Ýa­kyn gel­jek­de Hin­dis­ta­nyň Hy­taý­dan oz­du­ryp, dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu iki Azi­ýa ýur­du­nyň ila­ty dün­ýä ila­ty­nyň üç­den bi­rin­den gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär.
Hin­dis­ta­nyň ila­ty 1947-nji ýyl­dan bä­ri mil­liard­dan gow­rak kö­pe­lip­dir. Bi­ler­men­ler ar­ty­şyň ýe­ne 40 ýyl do­wam et­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Ýurt­da ýa­şaý­jy­la­ryň gir­de­ji­si­niň art­ma­gy, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­li­me el­ýe­ter­li­li­giň gow­lan­ma­gy ila­tyň art­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şu ýy­lyň ap­re­lin­de Hin­dis­ta­nyň dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.