“Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji we 11-nji maddalaryny ýerine ýetirmek hem-de howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, howply önümçilik desgalaryny Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige almagyň tertibi; howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň tertibi we bu meýilnamalaryň mazmunyna bildirilýän talaplar tassyklanyldy.