Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyny innowasion esasda ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Nebitgaz ulgamynyň kuwwatyny doly derejede ulanmak, onuň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bu strategiýanyň möhüm ugurlarydyr.
Hormatly Prezidentimiz saparyň çäklerinde “Galkynyş” käninde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini, onuň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrandygyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady. Ýurdumyz amatly maýa goýum ýagdaýyny döredip, dünýäniň köp döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary, abraýly maliýe edaralary we halkara guramalar bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Döwlet Baştutanymyz bu möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýurdumyzda täze känleri açmagyň we olary senagat taýdan özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Milli ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetli bolan bu pudakda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energetika howpsuzlygynyň bitewi ulgamynyň döredilmegine saldamly goşant goşýar.
“Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe düzümleýin desgalary gurdy. Bu gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek bilen baglanyşykly ähli tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Ýörite enjamlar desgalaryň ygtybarly işini we ekologik taýdan howpsuzlygyny üpjün edýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, halk hojalygy toplumyny döwrebaplaşdyrmak we innowasion taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.