Beýik Britaniýanyň «Ineos» himiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysy, britan milliarderi Jim Retkliff «Mançester Ýunaýted» iňlis toparyny satyn almagy meýilleşdirýär. Milliarder futbol toparynyň satuw işlerini amala aşyrýan banka ilkinji bolup resmi taýdan hasaba durdy. Topary satyn aljak dalaşgärleriň arasyndaky söwda fewral aýynda başlar. Möwsümiň ahyrynda toparyň täze eýesi belli bolar. Retkliff häzirki wagtda Fransiýanyň «Nissa» futbol toparynyň hem eýesidir. «Forbes» žurnalynyň maglumatyna görä, onuň baýlygy 15,5 milliard dollara deňdir.
Kadambaý ABDULLAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
PDF









