Şu gün Arkadag şäherinde guruljak Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak çäresi boldy.
Çärä din wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, musulman döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bolsa oňa hormatly myhmanlar hökmünde çagyryldy.
Ahal welaýatynyň baş metjidini «Altyn» hojalyk jemgyýeti gurýar. Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müň adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde guruljak sadaka jaýy bolsa 1 müň 500 adama niýetlenendir.
Arkadag şäherinde bina ediljek baş metjidi minaralaryň 4-si bezär, olarda dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Üç gatdan ybarat bolan metjidiň binasy okuw medresesini, muzeýi, kitaphanany, namaz okamak üçin zallary, dolandyryş we hojalyk otaglaryny öz içine alar. Onuň çäginde awtoulag duralgasy, dürli maksatly beýleki tehniki desgalar hem gurlar.
Milli ýörelgelere laýyklykda, metjidiň düýbi tutulandan soňra, myhmanlar Ahal welaýatynyň Gökdepe metjidinde berlen toý sadakasyna gatnaşdylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron nusgasy habar berýär.