Amsterdamdaky (Niderlandlar) demir ýol menziliniň golaýynda ýedi müň welosipede niýetlenen suwasty garaž gurulýar. 26-njy ýanwarda resmi taýdan açyljak bu desga göni şäher kanallarynyň aşagynda ýerleşýär. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berdi.
Bu garažyň gurulmagy bilen ýolagçylar tarapyndan köplenç goýlup gidilýän müňlerçe welosiped kenardan aýrylar. Ýaşaýjylar bu ýerde bir gün welosipedlerini goýmak üçin 1,35 ýewro tölemeli bolarlar.
Paýtagtyň häkimligi köpçülikleýin ýerleri pyýadalara bermek maksady bilen welosipedler üçin duralgalary ýönekeýleşdirmek kararyna gelendiklerini tassykladylar. Golaýda geçirilen barlaglarda Amsterdamyň 835 müň ýaşaýjysynyň bir günde ortaça 665 müň welosiped sürýändigi ýüze çykaryldy.