Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulyşmagy, ýurdumyzda ösen senagatyň kemala gelmegi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen elektrik energetika pudagynda maýa goýumlary özleşdirilip, bu pudak has-da ösdürilýär.
Senagat pudaklarynyň çalt depginler bilen ösmegi elektrik energiýasyna bolan islegi ýokarlandyrýar. Şeýle hem durmuş şertleriniň özgermegi netijesinde gündelik durmuşda peýdalanylýan enjamlaryň görnüşiniň we mukdarynyň artmagy elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ýokarlanmagy hem-de ygtybarlylygyny talap edýär.
Ýurdumyzyň elektrik energiýasynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilmegi bilen hem baglylykda bu pudak has hem ösdürilýär. Türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurt energiýa bazarlaryna çykarmak üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylyp, geçiriji ulgamlar has-da kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde sebitde iri taslamalaryň biri bolan “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan” elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň has hem ilerledilmegi üçin tagalla edilýär.
Hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny kämilleşdirmek we ony halkalaýyn birikdirmek maksady bilen, ýokary woltly asma elektrik geçirijileriniň we elektrik beketleriniň gurluşyklarynyň çäklerinde 2021-nji ýylda “Ahal – Balkan” geçiriji ulgamy işe girizildi. Iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Häzirki wagtda “Balkan – Daşoguz” ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň gurluşygy alnyp barylýar we ony Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halkalaýyn energiýa ulgamy emele geler.
Ýurdumyzda hereket edýän energiýa kuwwatlyklaryny artdyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Ahal welaýatyndaky Ahal we Derweze döwlet elektrik stansiýalaryny, Balkan welaýatyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasyny, Daşoguz welaýatyndaky Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny, Lebap welaýatyndaky Watan we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek hem-de Mary we Lebap welaýatlarynyň çäginde utgaşykly dolanyşyga geçirmek hem-de Mary we Lebap welaýatlarynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. “Altyn asyr türkmen kölüniň sebitini 2019-2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilişiniň çäginde kuwwatlylygy 10 MWt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, sebitde täze gurulýan döwrebap obanyň ekologiýa taýdan arassa elektrik üpjünçiligini amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Elektrik energetikasy pudagy tarapyndan geljekde hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmaga degişli işleri dowam etmek, şol sanda ýurdumyzda Gün energiýasyny öndürýän Gün panelleriniň önümçiligini giňden ýola goýmak we durmuşa ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bolsa güneşli ýurdumyzda ýeterli tebigy şertleriň bardygy bellärliklidir.
Meret Öwezliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Marketing fakultetiniň talyby.