Ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da önüm­çi­li­gi­ne baş­la­nan “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň il­kin­ji ýük ula­gy üçin tä­ze za­wod gu­rul­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýük ula­gy­nyň tä­ze önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gur­mak üçin 3,6 mil­liard dol­lar bö­lü­nip ber­ler. Şeý­le­lik­de, Ne­wa­da şta­ty­nyň Ri­no şä­he­rin­dä­ki “Nevada Gi­ga­facto­ry” za­wo­dyn­da “Se­mi” ulag­la­ry üçin aý­ra­tyn des­ga gur­lar.
“Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji “Se­mi” ýük ula­gy­ny 100 sa­ny­sy­ny sar­gyt eden “Pep­si” kom­pa­ni­ýa­sy­na be­rip­dir. De­kabr aýy­nyň ba­şyn­dan bä­ri “Pep­si” kom­pa­ni­ýa­sy­na 30 ýük ula­gy gow­şu­ry­lyp­dyr. “Tes­la” Ne­wa­da­da ba­ta­re­ýa önüm­çi­lik des­ga­sy­ny hem gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa­nyň ba­ta­re­ýa önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň her ýyl­da 2 mil­li­on ýe­ňil ula­ga ýe­ter­lik bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Tä­ze des­ga üç müň iş or­nu­ny dö­re­der.
Hä­zi­re çen­li “Tes­la” Ne­wa­da­da­ky za­wo­dyn­da 6,2 mil­liard dol­lar­lyk ma­ýa go­ýu­my dur­mu­şa ge­çir­di. Bu ýer­de her ýyl­da 500 müň ulag üçin ýe­ter­lik ba­ta­re­ýa ön­dü­ril­ýär. Şeý­le hem elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň Nýu-Ýork­da, Te­has­da, Hy­taý­da, Ger­ma­ni­ýa­da za­wod­la­ry bar.