ABŞ suwuklandyrylan gaz satuwynda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir. ABŞ özüniň suwuklandyrylan gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermegini dowam etdirýär. Bu ugurda ozal Germaniýa bilen uzakmöhletleýin şertnama baglaşan amerikan kompaniýalary Ýewropa sebitinde Polşa bilen hem bu ugurda ylalaşyk gazandy.
Polşanyň «Orlen» kompaniýasy ABŞ-nyň «Sempra» kompaniýasy bilen suwuklandyrylan tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Warşawada gol çekilen resminama laýyklykda, ABŞ-dan 20 ýylyň dowamynda her ýyl 1 million tonna suwuklandyrylan gaz satyn alnar.
Myrat BERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









