25-nji ýanwarda “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mähriban Watanymyzy, häzirki döwürde amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar. Medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary gyzykly aýdym-sazly çykyşlary arkaly hemmeleri bu ýerde guralan dabara bilen gutladylar.
Dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly ýaş nesilleri watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline tagzym etdiler. Olar binanyň içine girdiler. Onda Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýi ýerleşýär. Dabara gatnaşyjylar muzeýiň gymmatlyklary, arhiw materiallary, dürli resminamalaryň we şahsyýetnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň nusgalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar.
Şeýlede harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly, bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri doly özleşdirmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Dürli düzümlerde, pudaklarda ýokary netijeli kömekçi hojalyklaryň döredilmegi hut şu meseleleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirýär. Kömekçi hojalyklaryň kuwwatlyklary harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerini degişli önümler bilen doly üpjün etmäge, artykmajyny bolsa ýurdumyzyň bazarlaryna ugratmaga mümkinçilik berýär.
Kottej jaýlary toplumynyň merkezi girelgesinde şanly waka gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular toplumyň toý bagyny kesdiler.
Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, deňeçer ösdürmek, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini we eksport ugurlaryny artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dürli maksatly iri desgalary taslamalaşdyrmakda we gurmakda dünýäniň gurluşyk ugrunyň ösen tejribelerini netijeli özleşdirýän döwlet we hususy kärhanalary daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşip, gurluşyk pudagynda işjeňlik görkezýärler.
Täze jaýlaryň amatlylyk derejesi, otaglaryň ýerleşdirilişi ýokary ekologik ölçeglere laýyk gelýär we onuň gurluşygyna bildirilýän talaplar doly berjaý edilýär. Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler bilen enjamlaşdyryldy, IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi öňdebaryjy talaplara laýyk gelýär we olaryň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy. Aşhanalarda durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy. Jaýlaryň hojalyk desgalary hem bar.
Kottej jaýlary toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertler bar. Şunuň ýaly jaýlar gurlanda, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş ulgamyna degişli dessurlaryň aýratynlyklary, ýaşaýjylaryň sargytlary göz öňünde tutulýar. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallar esasynda taýýarlanan durnukly gurluşyk serişdeleri ulanyldy.
Şeýle hem jaýyň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine niýetlenen ýerleriň göz öňünde tutulandygyny hem bellemeli.
Öýleriň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Ýollaryň gyralarynda, öýleriň ýanynda bag nahallary oturdyldy. Munuň özi ekologik abadançylygyň, adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin şertleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar olara uzak we bagtyýar durmuş arzuw etdiler.