Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk­da tä­ze sep­git­le­re ýe­til­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ryn­da gol çe­ki­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ha­kyn­da Jar­na­ma­nyň esa­syn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has-da pug­ta­lan­dy.
Go­laý­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­tin özü­niň Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji sa­pa­ry­ny hem-de 2023-nji ýyl­da­ky il­kin­ji da­şa­ry ýurt sa­pa­ry­ny ata Wa­ta­ny­my­za ama­la aşyr­dy.

Bu sa­par stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak işi­ne mö­hüm iter­gi ber­di. Sa­pa­ryň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri türk­men-rus işe­wür­ler fo­ru­my bol­dy. Fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň köp san­ly mi­nistr­lik­le­rin­den we pu­dak eda­ra­la­ryn­dan, şol san­da 300-den gow­rak iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri Aş­ga­ba­da ge­lip, Türk­me­nis­tan bi­len ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy, ulag-ara­gat­na­şyk, der­man se­na­ga­ty, ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Bu fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­ly­gy Mi­ha­il Mi­şus­ti­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet bi­len bir ha­tar­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Rus­tam Min­ni­ha­now, Ast­ra­han ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry Igor Ba­buş­kin we köp san­ly döw­let we hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry paý­tag­ty­myz­da bol­du­lar.
Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki we iki­çäk dü­züm­dä­ki iki ýur­duň işe­wür­ler dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler­de hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry kes­git­len­di.
Türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy­ny düz­ýän ýan­gyç-ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Rus­si­ýa­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry Türk­me­nis­tan­da ne­bit-gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, ýe­ras­ty gaz des­ga­la­ry­ny gur­mak işi­ne gat­naş­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di.
Iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri ulag we lo­gis­ti­ka ul­ga­my bol­dy. Bu ugur­da Rus­si­ýa Türk­me­nis­ta­nyň ulag-üs­ta­şyr müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Ulag-ara­gat­na­şyk ba­bat­da gür­rüň edi­len­de, Ta­ta­rys­ta­nyň «Ka­mAZ» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa şert­le­ri göz öňün­de tu­tu­lyp, elekt­rik­li aw­to­bus­la­ryň sy­nag edil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gyn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­ňa şu ge­zek­ki fo­ru­myň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len 150 mil­liard rubl möç­be­rin­dä­ki köp san­ly yla­la­şyk­lar we şert­na­ma­lar hem aý­dyň my­sal bo­lup dur­ýar.
Köp ýyl­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen türk­men-rus hyz­mat­daş­ly­gyn­da ylym-bi­lim ýa­ly yn­san­per­wer ugur­ly hyz­mat­daş­ly­ga hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ba­bat­da iki ýur­duň ara­syn­da bi­le­lik­dä­ki türk­men-rus ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni dö­ret­mek işi has-da iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­dy.
Mah­la­sy, şu ge­zek­ki türk­men-rus işe­wür­ler fo­ru­my wa­ka­la­ra baý bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki türk­men-rus gep­le­şik­le­ri ta­rap­la­ryň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, onuň kö­pu­gur­ly kuw­wa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge yg­rar­ly­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy.

Bek­dur­dy ORA­ZOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by