FIFA-nyň berýän maglumatlaryna görä, futbol klublary geçen 2022-nji ýylda oýunçy transferine 6,5 milliard dollar sarp edipdir. Bu bolsa 2021-nji ýyla garanyňda, 33,5 göterim köp diýmekdir. Futbol klublary 2021-nji ýylda transfere 4,86 milliard dollar möçberinde maýa goýupdy.

Klublar geçen ýylky harçlanan 6,5 milliard dollaryň 3,53 milliardyny 18-23 ýaşyndaky futbolçylaryň transferi sarp etdi. Töleg edilip, transfer edilen futbolçylaryň 70 göterimi 1 million dollardan pes baha transfer edildi. Braziliýaly futbolçylar iň köp transfer tölegi tölenen futbolçylar bolup, klublar sambaçylar üçin 843,2 million dollar harçlady. 591,5 million dollar bilen fransiýaly futbolçylar 2-nji orunda barýar.

Transferlere iň köp iňlis klublary pul goýberdi. Olar geçen ýyl futbolçy transferine 2,2 milliard dollar sarp etdiler. Iňlis klublary ilkinji gezek 2 milliard dollardan geçdi. Iň köp gazanç eden klublar bolsa, fransuz klublary bolup, 740,3 million dollar girdeji gazandylar.

Umumylykda professional hem-de höwesjeňler zenan-erkek futbolynda 2022-nji ýylda 71 müň 2 futbolçy başga klublara transfer boldy. Şolaryň 21 müň 764-si professional erkekdir zenan futbolçylardyr (49 müň 238-si höwesjeňler).