Gu­ra­dy­lan mi­we­ler wi­ta­min­le­re baý bo­lup, dü­zü­min­de be­lok, ug­le­wod, şe­ker, ka­liý we sü­ýüm sak­lan­ýar. Her gün 30 gram gu­ra­dy­lan mi­we iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, luk­man­lar gury ir-iýmişleriň sag­lyk üçin peý­da­ly ta­rap­la­ry­ny bel­le­ýär­ler:
Go­rag an­ti­ok­si­dant­la­ryň çeş­me­si. Gu­ra­dy­lan mi­we­ler go­rag an­ti­ok­si­dan­ty hä­si­ýe­ti bo­lan ösüm­lik bir­leş­me­le­ri­ne baý bo­lup, dü­zü­min­de an­tos­ýa­nin­ler, ka­te­kin­ler we fe­nol­lar bar. Bu bir­leş­me­ler gan aý­la­ny­şy­nyň go­wu­lan­ma­gy üçin peý­da­ly bo­lup, süý­jüli dia­bet, ýü­rek-da­mar ul­ga­myn­da dö­re­ýän kä­bir ke­sel­le­riň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azalt­mak­da örän peý­da­ly­dyr.
Mik­roe­le­ment­le­riň baý çeş­me­si. Su­wuň az muk­da­ry­nyň bar­dy­gy se­bäp­li, guradylan ir-iýmişler ter mi­we­ler bi­len de­ňeş­di­ri­len­de wi­ta­min­le­riň we mi­ne­ral­la­ryň has köp jem­le­nen çeş­me­si­dir. Te­bi­gy süý­jü­li­gi bi­len lez­zet ber­ýän ka­ka­dy­lan mi­we­ler­den her gün­ 5 bö­lek iý­len­de iý­mit­le­ni­şiň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ýö­ne dü­zü­min­de köp ka­lo­ri­ýa sak­la­ýan­dy­gy se­bäp­li her gün 100 gram­dan köp iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Iý­mit sü­ýü­mi­niň peý­da­ly çeş­me­si. Gu­ra­dy­lan mi­we­ler­de sü­ýü­miň muk­da­ry tä­ze ýol­nan mi­we­den iki-üç es­se köp­dür. Bu iý­mit siň­di­riş üçin peý­da­ly bo­lup, aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my­nyň işi­ni tiz­leş­dir­ýär.
Süňk üçin peý­da­ly. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da erik kiş­de­si­niň süňk üçin peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Gu­ra­dy­lan mi­we­le­r K wi­ta­mi­ne baý­dyr.
Gu­ra­dy­lan mi­we­ler ter­li­gi ýa­ly ýo­kum­ly­my?
Luk­man­lar mi­we­le­riň dili­nip ka­ka­dy­lan ýag­da­ýyn­da bel­li bir möç­ber­de su­wu­ny ýi­tir­ýän­di­gi­ni, ýö­ne ter­li­gi­ne ga­ra­nyň­da ýo­ku­my­nyň güýç­len­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Kö­le­ge­de ser­lip gu­ra­dy­lan kiş­miş, erik kiş­de­si, al­ma ka­ky, ga­ra­ly we in­jir kiş­de­si, hur­ma ka­ky sag­lyk üçin peý­da­ly bo­lup, olardan şer­bet­ler taý­ýar­lap bol­ýar. No­gul­dyr süý­jü­ler bi­len bi­le­lik­de sa­ça­ga hem go­ýul­ýar.