Soňky wagtlarda “Çelsi” kluby düzümine goşan oýunçylary futbolda ozal juda seýrek duş gelýän möhletleýin şertnamalar bilen transfer etdi. Mihailo Mudryk bilen 8,5 ýyllyk, Noni Madueke bilen 7,5 ýyllyk, Benua Badiaşile hem-de Dawid Fofana bilen 6,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Iňlis metbugatynda çykan habarlara görä, “Çelsi” kluby şeýle etmek bilen UEFA-nyň maliýe “fair-play” düzgünleriniň özlerine päsgel bermegini öňüni almakçy bolýar. Ýagny tölenen tölegleriň uzak möhletli görkezilmeginden soň UEFA-nyň maliýe “fair-play” düzgünlerini berjaý etdigi bolýar. Mälim bolşy ýaly, UEFA-nyň maliýe “fair-play” düzgünlerine görä, çykdajylar bilen girdejileriň arasyndaky tapawut uly bolmaly däl. UEFA az mukdardaky aratapawuda ygtyýar berýär.

Ýöne “Çelsiniň” eden bu özboluşly strategiýasy UEFA-nyň nazaryndan sypmady. Şol mynasybetli-de UEFA-nyň beýleki klublaryň hem bu strategiýa ýüz tutmazlygy üçin mundan soň oýunçylara tölenýän tölegiň möhletini ilkinji 5 ýyldan geçirmezlik baradaky maddany UEFA maliýe “fair-play” düzgünlerine girizmekçi bolýar. Bu barada BBC habar berýär. Habarda klublaryň oýunçylar bilen islendik möhlete şertnama baglaşyp biljekdigi bellenilýär. Çäklendirmäniň diňe transfer tölegi üçin degişlidigi nygtalýar.