Hy­ta­ýyň APS­TAR-6E te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa hem­ra­sy aý­lan­ýan or­bi­ta­sy­ny öz­baş­dak üýt­get­di. Eme­li hem­ra 13-nji ýan­war­da uçu­ry­lyp, bel­le­nen or­bi­ta ýer­le­şip­di. Hy­ta­ýyň kos­mos yly­my we teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy (CASC) ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi bo­lan tä­jir­çi­lik mak­sat­ly APS­TAR-6E eme­li hem­ra­sy­nyň or­bi­ta­sy­ny öz­baş­dak üýt­ge­den il­kin­ji eme­li hem­ra­dy­gy­ny mä­lim et­di. Eme­li hem­ra esa­san gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da el­ýe­ter ba­ha­ly, ýo­ka­ry ne­ti­je­li ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek üçin peý­da­la­ny­lar.
Eme­li hem­ra­lar uçu­ryl­maz­dan ozal ulu­ly­gy­na, peý­da­la­nyş mak­sa­dy­na gö­rä Ýe­riň da­şyn­dan nä­çe ki­lo­metr uzak­da aý­lan­jak­dy­gy kes­git­len­ýär. Kä­bir eme­li hem­ra­lar ýa-da kos­mos gä­mi­le­ri dür­li se­bäp­le­re gö­rä, or­bi­ta­sy üýt­ge­dil­jek bol­sa, Ýer­dä­ki do­lan­dy­ryş be­ke­din­dä­ki hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýar. Kä­bi­ri bol­sa ula­nyş möh­le­ti ta­mam­la­nan­dan soň­ra, gö­zeg­çi­lik­li ýag­daý­da or­bi­ta­syn­dan çy­ka­ry­lyp Ýe­re dü­şü­ril­ýär.