Häzirki zaman dünýäsinde daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti barha artýar. Şeýle bolansoň, bu ugurda birnäçe gurama iş alyp barýar. Her ýylyň 14-nji oktýabrynda Ekologik bilim boýunça Bütindünýä kongresi ekologiýa gününi belleýär. Beýleki köp sanly guramalar bolsa 26-njy ýanwary ekologiýa güni hökmünde belleýär. Daşky gurşawy gowulandyrmak boýunça edilen tagallalar adamzat jemgyýetiniň we daşky gurşawyň sazlaşykly ýaşamagyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Ekologik bilim – ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Ekologik biliminiň ösmegine 1972-nji ýylda BMG-niň Daşky gurşaw boýunça konferensiýasynda kabul edilen Stokgolm Jarnamasy itergi berdi. Durnukly ösüş düşünjesi konferensiýada ilkinji gezek ara alnyp maslahatlaşyldy we şu güne çenli ugrukdyrýan jarnamada daşky gurşawy goramagyň 26 ýörelgesi görkezildi. Mysal üçin, Stokgolm Jarnamasynyň ýörelgelerine laýyklykda ähli tebigy baýlyklar häzirki we geljek nesilleriň peýdasyna saklanmalydyr, bu bolsa seresaply meýilleşdirmegi we dolandyrmagy talap edýär. Şeýle hem jarnamada adamyň ýabany tebigatyň baýlyklaryny gorap saklamak we paýhasly dolandyrmak üçin aýratyn jogapkärçiliginiň bardygyny yglan edilýär, şonuň üçin ykdysady ösüşi meýilleşdirilende tebigaty goramaga aýratyn üns berilmelidir. Ekologik biliminiň bütindünýä gününiň esasy maksady daşky gurşaw meseleleriniň sosial ölçeglerine aýratyn üns berýän we bu meseleleri çözmek hem-de öňüni almak üçin zerur düşünjäni, bilimleri, başarnyklary we hyjuwy ösdürmäge gönükdirilen ylmy tertip hökmünde ekologik biliminiň ähmiýetini nygtamakdyr.
Döwletmyrat GELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
PDF









