Türkmen halyçylyk sungaty örän gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Ol türkmen halkynyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş-durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Haly halk senediniň iňňän gadymy döwürde dörän nusgalarynyň biri bolmak bilen, ol milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegidir. Şol birwagtyň özünde-de haly türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna we medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr.
Haly milli taryhymyzyň uzak-uzak asyrlarynyň dowamynda gelin-gyzlarymyz tarapyndan kämilleşdirilen ajaýyp sungatdyr. Çünki, oňa gelin-gyzlarymyzyň yhlasy, gynanjy, begenji, başgaça aýdanymyzda, olaryň ruhy dünýäsi siňdirilipdir. Taryhyň dürli döwürlerinde ene-mamalarymyzyň has gowy görýän hem giňden ulanýan esasy nagyşlary, gölleri bolupdyr. Haly sungatyny öwrenijileriň birnäçesi nepis göller bilen bezelip, nepis dokalan halylaryň tugra hökmünde ulanylan döwürleriniň-de bolandygyny nygtaýarlar.
Ýazuw çeşmelerinde berilýän maglumatlara görä, haly senedi miladydan öň birinji müňýyllyklarda giňden ýaýrapdyr. Käbir arheologlar we taryhçylar halynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinde dörändigini, şol ýerden hem ýer ýüzüne ýaýrandygyny belleýärler. Munuň şeýledigine Änew we Göksüýri ýadygärliklerinden tapylan gadymy eneolit döwrüne degişli bolan küýze gap-gaçlarynda çekilen nagyşlar hem şaýatlyk edýär. Bu tapyndylardaky dürli şekilli nagyş bezegleri häzirki zaman halylarymyzdaky nagyşlara örän ýakyndyr.
Türkmenleriň gadymy ata-babalary hasaplanylýan skif taýpalaryna degişli bolan iň gadymy haly 1947-nji ýylda arheologlar tarapyndan Altaý ülkesiniň Pazyryk depesinde ýerleşýän gonamçylykdan tapylýar. Ol miladydan öňki V-IV asyrlara degişli diýlip kesgitlenilýär. Bu halyda haýwanlar we ösümlikler şekillendirilipdir. Bu gadymy haly “Pazyryk halysy” diýlip atlandyrylýar. Ol gönüburçluk görnüşinde bolup, ini 1,60 sm, boýy bolsa, 2 metre barabar, bu halynyň kompozision gurluşy häzirki zaman halylaryna örän meňzeşdir. Alymlar onuň gadymy hunlaryň administratiw etnik tugrasy bolandygy baradaky çaklamalary hem öňe sürýärler. Şu taryhy maglumatlar halynyň türkmen medeniýetiniň iň gymmatly we kämil miraslaryndan biridigini tassyklaýar.
“Ýigide maly döwlet getirer, gelin-gyza haly” diýen nakylda ata-babalarymyz halynyň türkmen durmuşyndaky ähmiýetiniň uludygyny nygtapdyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň alada-yhlasy bilen gyz-gelinlerimiz atalarymyzyň parasatly pähimine eýerip, halyçylyk sungatyny kämilleşdirýärler. Halyçylyk sungaty nesilden-nesle geçirilip, taryhyň dürli döwürlerinde-de öz gymmatyny, ähmiýetini ýitirmän gelýär. Halynyň görnüşine görä, onuň 1 kwadrat metrinde 120-340 müň, portret haly çekilende, 400-500 müň çitim bolýar. Xlll asyrda wenesiýaly meşhur alym Türkiýede syýahatda bolanda, türkmen halysy barada gyzykly ýazgylary galdyrypdyr. Türkmen halylary ilkinji gezek 1890-njy ýylda Gündogar halylarynyň Wenada geçirilen çeperçilik sergisinde, 1900-nji ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde iň ýokary baha mynasyp bolýar. 1937-nji ýylda Parižde, 1939-njy ýylda Nýu-Ýorkda, 1958-nji ýylda Brýusselde, 1964, 1965, 1966, 1978-nji ýyllarda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilen Bütindünýä sergi-ýarmarkalarynda biziň halylarymyza altyn medal, diplom berildi. Şondan bäri hem, halylarymyz dünýäniň dürli şäherlerinde geçirilýän halkara sergisine gatnaşyp, altyn medallara we derejeli baýraklaryň ençemesine mynasyp bolýarlar.
Türkmen gelin-gyzlarymyz tarapyndan 1941-1942-nji ýyllarda dokalan 193,5 kwadrat metrlik haly häzire çenli dünýäde iň uly haly hasaplanylýar. Dünýäni haýrana goýan bu äpet haly häzir Türkmen halysynyň milli muzeýinde saklanýar.
Dünýäniň dört künjünde parlaýan Döwlet baýdagymyzda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň jebisligini alamatlandyrýan bäş sany haly gölleri, ähli welaýatlarymyzdaky, etraplarymyzdaky, şäherlerimizdäki haly fabriklerimizde çeper elli halyçylarymyzyň ýüzlerçesiniň zähmet çekýändigi, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramçylygynyň uly dabaralar bilen bellenilip geçilýändigi, ussat halyçylarymyza “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlaryň dakylýandygy, her ýyl diýen ýaly, olaryň ençemesiniň ordenler we medallar bilen sylaglanylýandygy bagtyýar zamanamyzda olara goýulýan uly hormatdan alamatdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli halyçylyk sungatymyza uly üns berilmegi, halyçy gelin-gyzlarymyza uly goldaw-hemaýat edilmegi mundan beýläk-de halyçylyk sungatynyň pajarlap ösmegine, dünýä meşhur halylaryň dokaljakdygyna güwä geçýär.
Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr, türkmen zenanlarynyň bütin dünýä peşgeş beren bakylyk aýdymydyr.
Akmyrat Saparow,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.