Türkiýe 14-15-nji fewral aralygynda Stambulda gaz sammitini geçirer. Bu barada ýurduň “Anadolu” habarlar gullugy habar berdi. Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Donmez şu günler Ýakyn Gündogaryň, Ortaýer deňziniň we Merkezi Aziýanyň mawy ýangyç öndürýän ýurtlarynyň, şeýle hem Ýewropa ýurtlarynyň sarp edijileriniň gatnaşmagynda sammitiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministrliginiň ýolbaşçysy häzirki wagtda şeýle sammiti geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem ministr ýurtda halkara gaz merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi. Ol häzirki wagtda Türkiýede Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Rumyniýa we Moldowa mawy ýangyç ugratmak meselesiniň ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, ol Türkiýäniň nebit we gaz kompaniýasy BOTAS-yň başlygynyň Omana sapar edendigini belläp, öz ýurdunyň bu döwletden ýylda 1,4 milliard kub metr tebigy gaz satyn almak maksady bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşmagy meýilleşdirýändigini tassyklady.
Türkiýäniň çäginde gaz merkeziniň döredilmegi baradaky ideýany Russiýanyň lideri Wladimir Putin hem tassyklapdy. Türkiýede bu teklip goldanyldy. Häzirki wagtda iki ýurt gaz merkezi taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine girişdi. Türkiýe indi bu taslamany doly işe girizmek üçin infrastrukturany işjeň taýýarlaýar.