Italiýanyň «Lazzarini» dizaýn studiýasy suwuň ýüzünde «uçup bilýän» gaýygy işläp taýýarlaýar. Gaýygyň uzynlygy 74 metre barabar bolup, 80 million ýewro satylar. Gaýyk «Plectrum» atly ýeňil materiallardan öndürilendigi üçin aşa ýokary tizlik bilen hereket edip bilýär.
Tolkundan ýokary galýan suw ulagynyň sagatdaky tizligi 140 kilometre ýetýär. Gaýykda her biriniň kuwwaty 5 müň at güýjüne barabar bolan wodorod bilen işleýän üç motor bar. Gäminiň dizaýny suw ulagynyň deňeçer gämilerden has çalt hereket etmegine ýardam edýär.
Dört gatly bu gämide ýüzülýän howuz, heliport, garaž we myhmanlar üçin aýratyn otaglar bar. Gäminiň satuwa çykaryljak wagty mälim edilmedi.