“Premier Liga” 26 ýyldan soň dolanan “Nottingam Forest” toparynyň futbolçy transfer etmekde yzyny eýgerýän klub ýok diýen ýaly. Klub geçen tomusdan bäri şu möwsüm üçin 30-njy futbolçysyny düzümine goşdy. Topar Gananyň milli ýygyndysynyň kapitany Andre Aýew bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Kataryň “Al-Sadd” topary bilen şertnamasy tamamlanan 33 ýaşyndaky Andre Aýew täze klubunda 42-nji belgili köýnekçäni geýer. Andre Aýew ozal “Premier Ligada” “Swansi” hem-de “West Ham” klublarynyň hem köýnekçesini geýipdi.