«Bundesligada» soňky 9 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilmän gelýän «Hoffenhaým» topary tälimçisi Andre Braýtenraýteri wezipesinden boşatdy. Ol möwsümiň başynda bu wezipä bellenipdi. Klub onuň tälimçiliginde 19 oýunda 19 utuk gazandy we häzirki wagtda 14-nji orunda barýar. «Hoffenhaým» topary soňky 2 tapgyrda «Borussiýa Dortmund» (4-1) hem-de «Bohumdan» (5-2) uly hasaplar bilen asgyn geldi. Klub soňky gezek 10-njy tapgyrda, 14-nji oktýabrda «Şalkeni» 3-0 ýeňipdi. Ondan soňky 9 duşuşykda 7 gezek utulyp, 2 oýunda-da deňme-deň oýnapdy.

Bir ýyl öň wezipä bellenilipdi

«Bundesligadan» soň «Angliýanyň «Premier Ligasynda» hem bir tälimçi wezipesinden boşadyldy. Aşaky orunlarda barýan «Lids Ýunaýted» kluby tälimçisi Jessi Marşyň wezipesinden boşadylandygy habar berildi. Topar Marşyň tälimçiliginde soňky 7 duşuşykda 1 gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi. Klub häzirki wagtda 20 oýunda 18 utuk bilen 17-nji ýerde barýar. Marş geçen ýylyň fewralynda argentinaly Bielsanyň ornuna wezipä bellenipdi.