8-nji few­ral­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Köp ugur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler eý­wa­nyn­da Da­şo­guz we­la­ýat Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň we Sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler Ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz şä­her Ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de, äh­li Sag­lyk go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri bi­len “Öz­bek-türk­men dost-do­gan­lyk gat­na­şy­gyň da­ba­ra­lan­ma­gy” at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Çy­kyş­lar­da ýur­du­my­zyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­dir­me­giň we ös­dür­me­giň Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sa­ty­ny ile­ri tu­tyl­ýan ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Mil­li Li­de­ri­miz yn­san sag­ly­gy­ny ýur­dyň baş baý­ly­gy hök­mün­de yg­lan edip, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, we ony öz wag­tyn­da be­jer­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar­lar. Bu adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da aly­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň tä­ze de­re­jä gö­te­ril­me­gi Öz­bek we Türk­men dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryň iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn ne­ti­je­le­ri­dir. Öz­be­gis­tan döw­le­ti­niň Türk­me­nis­tan döw­le­ti­ne tiz kö­mek ulag­la­ry­ny ibe­ril­me­gi. Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­ta­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy, şeý­le hem ýa­kyn do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry esa­syn­da bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­gyň ala­ma­ty hök­mün­de, iki dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da kö­mek gör­nü­şin­de alyş-çal­şy­gy ge­çi­ril­di.
Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň şu şat­lyk­ly gün­le­rin­de Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da goň­şy ýurt­lar bi­len yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bo­ýun­ça sy­ýa­sat üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýa­kyn­da gol çe­ken Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­dan Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na de­giş­li möç­ber­de su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň muzd­suz ug­ra­dyl­ma­gy mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň muzd­suz ug­ra­dyl­ma­gy iki­ta­rap­la­ýyn dost-do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak, Öz­be­gis­ta­na dost-do­gan­lyk kö­me­gi­ni ber­mek, öz­bek hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ug­run­da Öz­be­gis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan edil­ýän ta­gal­la­la­ra türk­men hal­ky­nyň uly go­şan­dy bo­lar.
Şeý­le buý­san­dy­ry­jy çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de bu gün Da­şo­guz şä­he­ri­mi­zi toý şat­ly­gy gur­şap al­dy. Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na muzd­suz su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň ibe­ril­me­gi, şeý­le-de ýur­du­my­za Öz­be­gis­tan­da ön­dü­ri­len “Tiz kö­mek” aw­tou­lag­la­ry­nyň ge­lip go­wuş­ma­gy ta­rap­la­ryň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dyk­la­ry­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň we­la­ýa­ty­my­zy il­kin­ji iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ri­len Da­şo­guz we­la­ýat Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­syn­da da­ba­ra­ly çä­re­ler ge­çi­ril­di. Öz­be­gis­tan döw­le­tin­den al­nan “Tiz lukmançylyk kö­megi” aw­tou­lag­la­ry­ny türk­men mil­li däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gar­şy alyn­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na ge­lip gow­şan bu aw­tou­lag­lar adam ha­kyn­da­ky edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar.
As­lyn­da ala­ny­myz­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my ösü­şiň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­ýär. Luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li ulan­mak we in­no­wa­si­on ugur­la­ra gö­nük­dir­mek bo­ýun­ça tu­tum­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­ta ýo­ka­ry hil­li be­je­riş-öňü­ni alyş hyz­mat­la­ry­ny we sag­lyk aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça düýp­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dün­ýä de­re­je­sin­de en­jam­laş­dy­ry­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän has­sa­ha­na­la­ryň we sag­lyk mer­kez­le­ri­niň, sa­gal­dyş-dynç alyş öý­le­ri­niň, sport des­ga­la­ry­nyň, şy­pa­ha­na­la­ryň­dyr anyk­la­ýyş-be­je­riş eda­ra­la­ry­nyň bar­ha kö­pel­me­gi Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öwür­ýär.
Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýü­re­gin­de, Amy­der­ýa­nyň we Syr­der­ýa­nyň ara­ly­gyn­da ýer­le­şen, ga­dy­my­ýet­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň dy­nuw­syz ker­wen­le­ri­ni goý­nun­dan ge­çi­ren Öz­be­gis­tan bu gün bi­ziň ýur­du­my­zyň di­ňe bir hoş­ni­ýet­li goň­şu­sy däl, eý­sem, ga­dyr­ly ga­ryn­da­şy, ýü­rek­deş dos­ty, yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­dyr. Şu ýyl bol­sa türk­men we öz­bek halk­la­ry hä­zir­ki­za­man ta­ry­hyn­da­ky mö­hüm se­nä­ni dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ra res­mi taý­dan ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­ny bi­le­lik­de da­ba­ra­lan­dyr­ýar­lar. Döw­let­le­riň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan se­ne­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Iki­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka,
ulag-lo­gis­ti­ka, oba ho­ja­lyk ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk üs­tün­lik­li gi­ňel­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň işi­niň iş­jeň­leş­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Onuň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­niň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ta­gal­la­lar ut­gaş­dy­ryl­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de iki goň­şy we dost­luk­ly ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ugur­la­ryň giň ge­ri­mi, şol san­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar bo­ýun­ça dep­gin­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de iki ýur­duň gat­na­şyk­la­ry tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, öza­ra hyz­mat­daş­lyk bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.
Bu aw­tou­lag­la­ryň Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň Mil­li Li­der­mi­ziň Luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­ziň wa­ta­ny­my­za we hal­ky­na ed­ýän ala­da­la­ry­ny aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup, dur­ýan­ly­gy we Hal­kyň ala­da­sy, sag­lyk ul­ga­myn­da­ky ösüş­le­ri iler­let­jek tiz kö­mek ulag­la­ry bo­lup hyz­mat eder.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de şeý­le çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da hal­ky­my­zyň ga­dy­my yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu edil­ýän bi­möç­ber iş­le­ri üçin Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hal­ky­my­zyň ýü­rek­le­rin­den çyk­ýan al­kyş­la­ry çäk­siz­dir.

Şem­şat Ça­ry­ýe­wa, TKA-nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň pu­dak­lar bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy­sy