Fransiýanyň «Peugeot» awtoulag kompaniýasy Ýewropada satuwa çykaryljak ulaglarynyň ählisiniň elektrik energiýasy bilen işlemegini ýola goýar. Kompaniýa geljek 2 ýylyň dowamynda 5 sany täze elektroulagy satuwa çykarar. 2025-nji ýyldan başlap, brendiň ähli modellerinde elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi bolar.
2030-njy ýyla çenli bolsa, sebitde satylýan «Peugeot»-laryň ählisi diňe elektrik energiýasy bilen işlär. Fransuz awtoulag öndürijisi «e-Lion» taslamasynyň çäklerinde 2023-nji ýyldan başlap, her modeliň gibrid, ýagny elektrik energiýasy bilen işleýän ikinji motory bolar. Geljek iki ýylyň dowamynda satuwa çykaryljak elektroulaglar bolsa dürli ululykda bolup, müşderiler köpçüligine niýetlener.
Humaý HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.