Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär. Diýarymyzda dürli baýramçylyk çäreleri, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň häzirki bagtyýar döwri wasp edýän ajaýyp eserleriniň hem sany artýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar öz saýlap alan hünärlerini ezberlik bilen özleşdirýärler.
9-njy fewralda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserlerinden «Halypa-şägirtlik ýoly» atly sergi we duşuşyk geçirildi. Sergide ýurdumyzyň taryhy wakalaryny öz nusgawy eserlerinde beýan edip gelýän suratkeşleriň döredijiligini synlap bolýar. Dürli ýyllarda döredilen sungat eserleriniň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň «Türkmeniň ajaýyp nusgalaryny döredenler», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mämmet Mämmedowyň «Nury Halmämmedowyň portreti», Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň «Şahyr Gurbannazar Ezizowyň portreti» atly eserleri öz mynasyp ornuny tapdy. Ýurdumyzyň asudalygyny, parahatlygyny we bagtyýar durmuşyny, şeýle hem gündelik durmuşy wasp edýän nusgawy şahyrlaryň, sungat ussatlarynyň keşplerini şu sergide görmek bolýar. Mundan başga-da, sergide ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlarynyň döreden heýkelleri hem görkezilýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň «Magtymguly», Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdynyň «Kompozitoryň portreti», Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň «Alty Garlyýewiň portreti», Türkmenistanyň halk suratkeşi Seýitguly Artykmämmedowyň «Dutarçy» we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň «Amangeldi Göni» atly portretleri aýratyn tapawutlanýar.
Ýurdumyzyň sungaty söýüji ýaşlary hem öz döreden aýdym-sazlary, sungat eserleri bilen türkmen medeniýetine, sungatyna goşant goşýarlar. Muzeý işgärleri hem öz gezeginde türkmen sungatynyň taryhyna giren nusgawy eserleri sergä çykaryp, dürli döredijilik duşuşyklaryny geçirip, ýaş suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika we amaly-haşam sungatyny özleşdirmekleri üçin mümkinçilik döredýärler.
Bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzda ähli ugurlarda halypa-şägirtlik ýoly mundan beýläk hem dowamat-dowam bolsun. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Gültäç ŞAMMYÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň esasy hünärmeni.