Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi (IEA) 2025-nji ýy­la çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­le­giň 3 gö­te­rim ýo­kar­lan­ma­gy­na, goş­ma­ça is­le­giň tas äh­li­siniň di­ýen ýa­ly aras­sa çeş­me­ler ar­ka­ly üp­jün edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Agent­li­giň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl ho­wa­nyň ma­ýyl gel­me­gi bi­len elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­leg glo­bal de­re­je­de 2 gö­te­rim aza­lyp­dyr. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na is­le­giň art­ýan bö­le­gi­niň 70 gö­te­ri­mi Hy­taý, Hin­dis­tan we gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ry­na de­giş­li bo­lar. Elekt­rik ener­gi­ýa­syn­da tä­ze­len­ýän çeş­me­le­riň pa­ýy 2022-nji ýyl­da 29 gö­te­rim bo­lan bol­sa, 2025-nji ýyl­da 35 gö­te­ri­me ýe­ter. Şeý­le­lik­de, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ri­li­şi 2022-nji ýyl­da re­kord de­re­jede ýo­kar­la­nan bol­sa, 2025-nji ýy­la çen­li bar bo­lan de­re­je­de sak­la­nar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, gel­jek üç ýyl­da dün­ýä­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­leg düýp­gö­ter ýo­kar­la­nar. Ener­gi­ýa bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, onuň aras­sa çeş­me­ler­den alyn­ýan muk­da­ry­nyň hem art­ma­gy bi­len ho­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­nyn­da ar­ty­şyň bol­ma­jak­dy­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa, ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ho­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­nyň iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­ten­di­gi­ni, mun­dan soň­ra pe­se­li­şiň ha­sa­ba al­nyp baş­lan­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.

Gül­na­ra ŞA­DUR­DY­ÝE­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.