Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ge­çen ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da bo­lan güýç­li ýer­tit­re­mä­niň ne­ti­je­sin­de ejir çe­ken­le­riň ara­syn­da ça­ga­la­ryň hem bar­dy­gy­ny na­za­ra alyp, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň se­riş­de­le­rin­den do­gan­lyk ýur­da yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ber­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy be­ýan edil­di. Bu kö­me­giň türk­men ze­nan­la­ry­nyň adyn­dan ug­ra­dyl­ýan­dy­gy öz per­zent­le­ri­ni tu­tuş dur­ky bi­len söý­ýän ene­le­re go­ýul­ýan be­lent sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryn­dan we yn­san­per­wer däp-des­sur­la­ryn­dan ugur alyp hem-de Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da bo­lup ge­çen te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň köp san­ly adam pi­da­la­ry­na, şi­kes ýet­me­le­re we uly möç­ber­li weý­ran­çy­lyk­la­ra ge­ti­ren­di­gi­ni na­za­ra alyp, 2023-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da dost­luk­ly türk hal­ky­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ber­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Buý­ru­ga gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne hem-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne der­man we sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly se­riş­de­le­ri hem-de ha­ry­dy yn­san­per­wer­lik kö­me­gi hök­mün­de Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na muzd­suz ber­mek tab­şy­ryl­dy.
Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi 2023-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ibe­ril­me­gi­ni we gow­şu­ryl­ma­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge borç­ly edil­di.
Mä­lim bo­lu­şy ýa­ly 7-nji few­ral­da hem Türkmenistanyň hökümeti ynsanperwer kömegini ibe­ripdi.