10-njy few­ral­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da 2022-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di. Wi­se-prem­ýer­le­riň, aý­ry-aý­ry mi­nistr­lik­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri­niň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di. Şeý­le-de ýol­baş­çy­la­ry we­zi­pä bel­le­mek we we­zi­pe­den bo­şat­mak me­se­le­le­ri­ne se­re­dil­di, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça şu ýyl­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.
Gi­ňiş­le­ýin mej­li­se Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki­ler ça­gy­ryl­dy.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­si­niň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, 2022-nji ýy­lyň ne­ti­je­le­ri­ni hä­si­ýet­len­dir­di hem-de şu ýyl ýur­du­my­zyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­di.

Eks­port 43,6 gö­te­rim art­dy
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mej­lis­de eden çy­ky­şyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýo­ka­ry ösüş dep­gi­ni­ni sak­lap gal­dyk diý­di. Je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,2 gö­te­rim, şol san­da se­na­gat­da 6,3, söw­da­da 8,9, oba ho­ja­ly­gyn­da bol­sa 5,7 gö­te­rim bol­dy. Ma­ýa go­ýum­lar 14,2 gö­te­rim ös­di. Önüm­le­riň eks­por­ty, öň­ki ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 43,6 gö­te­rim art­dy.
Ha­sa­bat döw­rün­de 4 müň sa­ny tä­ze iş or­nu­ny dö­ret­dik. Hüm­met­siz­len­me­gi hem bel­le­nen öl­çeg­le­riň çäk­le­rin­de sak­la­mak ba­şart­dy. Ýur­du­my­zyň müm­kin­çi­li­gi­ni we bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da tä­ze ädim­ler ädil­di. Ge­çen ýyl ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na 76 sa­ny önüm­çi­lik we dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­ny ulan­ma­ga ber­dik. Bi­ziň ba­şar­jaň daý­han­la­ry­myz ge­çen ýyl bol ha­syl alyp, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­di­ler.
Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de şä­her­le­ri­mi­ziň we oba­la­ry­my­zyň, tu­tuş ýur­du­my­zyň keş­bi öz­ger­ýär. Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, äh­li üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry bo­lan tä­ze şä­her­çe­le­riň gur­lu­şy­gy do­wam et­di­ril­ýär. Ge­çen ýyl biz meý­da­ny 1,5 mil­li­on ine­dör­dül metr­den hem köp bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­dik. Ne­ti­je­de, maş­ga­la­la­ryň, şol san­da az üp­jün­çi­lik­li maş­ga­la­la­ryň müň­ler­çe­si jaý to­ýu­ny toý­la­dy­lar.

Önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na 20 mil­liard 800 mil­li­on ma­nat ma­ýa go­ýu­my gö­nük­di­ri­ler
Biz şu ýyl üçin örän uly Mak­sat­na­ma­ny ka­bul et­dik. 2023-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na 37 mil­liard 400 mil­li­on ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ryň go­ýul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na 20 mil­liard 800 mil­li­on ma­nat ma­ýa go­ýu­my gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz bo­ýun­ça ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň 55,6 gö­te­ri­min­den yba­rat­dyr. Dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na 16 mil­liard 600 mil­li­on ma­nat möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek bel­le­nil­ýär. Mu­nuň özi ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň 44,4 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr.

1 mil­li­on 58,5 müň ine­dör­dül metr ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga ber­ler
Şu ýyl ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na 1 mil­li­on 58,5 müň ine­dör­dül metr ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga ber­ler. Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da we paý­tag­ty­myz­da en­çe­me des­ga­la­ryň, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga ber­ler. My­sal üçin, Aş­ga­bat şä­he­rin­de 160 orun­lyk Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­niň, Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, 500 orun­lyk Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň hem-de 4000 orun­lyk Me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

2023-nji ýyl­da işe gi­ri­zil­jek bi­na­lar we des­ga­lar
Şeý­le hem bir­nä­çe bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň bi­na­lar top­lu­my­ny, “Pa­ra­hat-7” ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da 23 sa­ny ýa­şa­ýyş ja­ýy­ny, kuw­wat­ly­ly­gy 150 müň kub metr bo­lan agyz su­wu­ny aras­sa­laý­jy des­ga­ny ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, se­bit­de iň iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lan Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň — Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kö­pet­dag we Owa­dan­de­pe ge­ňeş­lik­le­ri­niň çä­gin­de tä­ze oba­la­ry, şeý­le hem 600 baş ahal­te­ke be­de­wi üçin döw­re­bap at­ha­na­ny ulan­ma­ga tab­şy­ra­rys.
Biz şu ýyl Ahal — Bal­kan we Bal­kan — Da­şo­guz ýo­ka­ry wolt­ly as­ma elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry, Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Te­jen — Ma­ry bö­le­gi­ni, 15 sa­ny or­ta mek­de­bi we 3 sa­ny ça­ga­lar ba­gy­ny işe gi­ri­ze­ris. Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, ara­gat­na­şyk, suw, gaz, elekt­rik üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň, suw we la­gym aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ep-es­li se­riş­de­ler goý­be­ri­ler.