10-njy fewralda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maş­ga­la­sy, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň eje­si Ogul­ge­rek Berdimuhamedowa Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň maş­ga­la­sy Emi­ne Är­do­gan bi­len ge­çi­ren te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­gin­de köp san­ly adam pi­da­la­ry­na we weý­ran­çy­lyk­la­ra ge­ti­ren güýç­li ýer­tit­re­me ze­rar­ly ejir çe­ken do­gan­lyk türk hal­ky­na çuň­ňur gy­nan­jy­ny we me­det be­ri­ji söz­le­ri­ni be­ýan et­di.

Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň maş­ga­la­sy öz maş­ga­la­sy­nyň, ýag­ny ýol­da­şy­nyň, og­lu­nyň adyn­dan, ene­le­riň we tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan Tür­ki­ýe­de bo­lup ge­çen agyr bet­bagt­çy­lyk ze­rar­ly çuň­ňur gy­nan­jy­ny be­ýan edip, Emi­ne Är­do­ga­na hem-de tu­tuş türk hal­ky­na duý­gu­daş­lyk bil­dir­di we Be­ýik Bi­ri­bar­dan gur­ban bo­lan­la­ryň jaý­la­ry­nyň jen­net bol­ma­gy­ny, bu agyr gün­le­riň geç­me­gi­ni we ejir çe­ken­le­riň tiz wagt­da sa­gal­mak­la­ry­ny di­leg et­di.

Öz ýol­da­şy­nyň, og­lu­nyň hem-de maş­ga­la­sy­nyň adyn­dan, tu­tuş türk­men hal­ky­nyň adyn­dan döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan do­gan­lyk türk hal­ky­na goş­ma­ça yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň ug­ra­dy­lan­dy­gy­ny, şol san­da te­bi­gy bet­bagt­çy­ly­gyň ne­ti­je­sin­de ejir çe­ken ça­ga­lar üçin ýy­ly egin-eşik­le­riň ibe­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň maş­ga­la­sy şu agyr pur­sat­da şe­hit bo­lan­la­ryň maş­ga­la­la­ry­na we ýa­kyn­la­ry­na türk­men ta­ra­py­nyň mun­dan beý­läk-de is­len­dik ze­rur gol­daw­la­ry ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň maş­ga­la­sy Emi­ne Är­do­gan türk hal­ky­nyň adyn­dan we hut öz adyn­dan gol­daw hem-de me­det be­ri­ji söz­ler üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, şu agyr pur­sat­da bil­di­ril­ýän duý­gu­daş­ly­gyň we be­ril­ýän do­gan­lyk kö­me­gi­niň türk hal­ky­nyň ru­hu­ny gö­ter­mek­de örän äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di.

Te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň maş­ga­la­sy gur­ban bo­lan­la­ryň do­gan-ga­ryn­daş­la­ry­na we ýa­kyn­la­ry­na duý­gu­daş­lyk bil­di­rip, ejir çe­ken­le­riň tiz wagt­da sa­gal­mak­la­ry­ny, ze­nan­la­ra, ça­ga­la­ra, tu­tuş do­gan­lyk türk hal­ky­na pa­ra­hat­çy­lyk we ro­waç­lyk di­leg et­di.