Ta­ny­mal türk sy­ýa­sat­çy­sy, Res­pub­li­kan halk par­ti­ýa­sy­nyň ozal­ky li­de­ri De­niz Baý­ka­lyň ara­dan çy­kan­dy­gy mä­lim edil­di. Ag­zal­ýan par­ti­ýa­nyň An­tal­ýa we­la­ýa­tyn­da­ky de­pu­ta­ty we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Baý­kal 84 ýa­şyn­da­dy.
De­niz Baý­kal 1938-nji ýy­lyň 20-nji iýu­lyn­da An­tal­ýa­da dün­ýä in­ýär. An­ka­ra uni­wer­si­te­tin­de Hu­kuk hü­nä­ri bo­ýun­ça bi­lim alan­dan soň­ra şol okuw mek­de­bi­niň Sy­ýa­sy bi­lim­ler fa­kul­te­tin­de dok­to­ran­tu­ra­sy­ny ta­mam­la­ýar.
Soň­ra bol­sa, ABŞ-nyň Ko­lum­bi­ýa we Berk­li­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­tet­le­rin­de iki ýyl yl­my iş­le­ri alyp bar­dy. An­ka­ra uni­wer­si­te­ti­niň Sy­ýa­sy bi­lim­ler fa­kul­te­tin­de do­sent de­re­je­si bi­len ta­lyp­la­ra bi­lim ber­di. Sy­ýa­sat bi­li­mi­ne de­giş­li bir­nä­çe ki­tap­la­ryň we ma­ka­la­la­ryň aw­to­ry bo­lan Baý­kal bir­nä­çe ýyl­lap de­pu­tat, par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy, mi­nistr we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di. Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň Par­la­men­ta­ri­ler Mej­li­si­niň ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy. Dür­li ýyl­lar­da ýur­duň ma­li­ýe, da­şa­ry iş­ler, ener­gi­ýa we te­bi­gy baý­lyk­lar mi­nist­ri we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di. Iň­lis di­li­ni su­wa­ra bil­ýän Baý­ka­lyň iki ça­ga­sy bar.