Ýa­kyn wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de pi­lot­syz uç­ýan tak­si­le­riň peý­da bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. 2024-nji ýyl­da ra­ýat dron­la­ry­ny ön­dü­ri­ji­ler öz önüm­le­ri­ni giň halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­le­me­gi mak­sat edin­ýär­ler. Ýa­kyn wagt­da peý­da bol­jak şeý­le teh­no­lo­gik öňe­gi­diş­lik ba­ra­da ha­bar­ly bo­lan ra­ýat­lar aw­to­ma­ti­ki en­jam­lar ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýan şeý­le uçar­la­ryň he­läk­çi­li­ge uç­ra­maz­ly­gy üçin ke­pil­lik so­ra­ýar­lar.
Mu­ny awia­si­ýa howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň (EASA) ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Pat­rik Ki şeý­le ke­pil­len­dir­ýär:
-Me­niň işim, di­ňe howp­suz ulag se­riş­de­le­ri­niň uç­ma­gy­na rug­sat ber­mek­den yba­rat. Eger-de Ýew­ro­pa­nyň as­ma­nyn­da pi­lot­syz uçar­la­ra gö­zü­ňiz düş­se, on­da ke­pil­len­di­ri­len­di­gi se­bäp­li özü­ňi­ze hiç hi­li howp aban­ma­ýan­dy­gy­na dü­şü­niň. “Ke­pil­na­ma­ly” diý­len­de, biz bu pi­lot­syz uça­ry üns bi­len bar­lap, ula­nyl­ýan döw­rün­de is­len­dik tä­jir­çi­lik uçar­la­ry bi­len deň de­re­je­de howp­suz­ly­gy­ny üp­jün ed­ýä­ris. Şeý­le­lik-de 2024-nji ýyl­da ho­wa tak­si­le­ri ýo­ka­ry gö­te­ril­se, di­ňe howp­suz bo­lan­ly­gy üçin uçar.
Brýus­sel­de ge­çi­ri­len ser­gi­de gör­ke­zi­len bu pi­lot­syz ho­wa tak­si­si, 2024-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da adam­la­ry da­şa­mak üçin ula­nyl­ma­ly. On­da zy­ýan­ly zy­ňyn­dy­la­ry ön­dür­me­ýän we ada­ty di­ku­çar­dan dört es­se az ses çy­kar­ýan elekt­rik mo­to­ry bi­len he­re­ket ed­ýän 18 ro­tor bar. “Volocity” at­ly pi­lot­syz uçar, tak­my­nan, 20 ki­lo­metr ara­lyk­da uçup bil­ýär. Ol Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň pi­lot­syz uçar stra­te­gi­ýa­sy­na do­ly la­ýyk gel­ýär. Brýus­sel ho­wa tak­si­le­ri­ni “akyl­ly, ýa­şyl we san­ly” bo­lan şä­her ulag ul­gam­la­ry­na bir­leş­dir­mek­çi. Bu stra­te­gi­ýa, Ýew­ro­pa­nyň pi­lot­syz ba­za­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. SE­SAR bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, ola­ry dür­li mak­sat­ly, şol san­da iri söw­da amal­la­ry üçin ula­nyp bol­ýar.
-Bi­ziň ýe­ne-de bir tas­la­ma­la­ry­my­zyň bi­ri, “SA­FIR-Med” at­lan­dy­ry­lyp, luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny, gan nus­ga­la­ry­ny, we şu­ňa meň­zeş­le­ri has­sa­ha­na­dan la­bo­ra­to­ri­ýa ýa-da baş­ga bir has­sa­ha­na elt­mek­den yba­rat­dyr. Bu has yg­ty­bar­ly, has çalt we has dur­nuk­ly – di­ýip, And­re­as Bo­şen aýt­dy.
Bü­tin Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bar­lag­lar, dron­la­ryň luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny iber­mek üçin ula­nyl­ma­gy­nyň, pi­ki­ri so­ra­lan­la­ryň 50%-den gow­ra­gy ta­ra­pyn­dan ka­bul eder­lik­li ha­sap­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di. Ho­wa tak­si­le­ri­ne bo­lan ynam de­re­je­si we dron­la­ryň şah­sy hyz­mat­lar üçin ula­nyl­ma­gy bir­ne­me pes­dir. Şo­nuň ýa­ly-da bu ulag gör­nüş­le­ri­ne mün­me­giň ba­ha­sy ba­ra­da hem so­wal ýü­ze çyk­dy. Şeý­le-de 2030-njy ýy­la çen­li pi­lot­syz ho­wa ulag­la­ry ba­bat­da Ýew­ro­pa ba­za­ry 14,5 mil­liard ýew­ro deň bo­lup, ag­za ýurt­lar­da 145 müň­den gow­rak iş ýe­ri­ni dö­re­der.