Elektrik energiýasynyň ýarysy Aziýada sarp ediler

112

Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi (UEA) 2025-nji ýy­la çen­li dün­ýä­de ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ýa­ry­sy­nyň Azi­ýa ýurt­la­ryn­da sarp edil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Agent­li­giň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­le­giň 70 gö­te­ri­mi­niň Hy­taý, Hin­dis­tan we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa ýurt­la­ry­na de­giş­li bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Mag­lu­ma­ta gö­rä, 2015-nji ýyl­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň glo­bal sarp edi­li­şi­niň dört­den bi­ri Hy­ta­ýa de­giş­li bo­lup­dyr. Şon­dan bä­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň sarp edi­li­şi­ni at­dyr­ýan bu ýurt 2015-nji ýyl­da dün­ýä­de ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň üç­den bi­ri­ni sarp eder. Şeý­le­lik­de ýurt Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, ABŞ we Hin­dis­tan ýurt­la­ry­nyň äh­li­sin­den has köp ener­gi­ýa sarp eder.
Mun­dan baş­ga-da, Hin­dis­tan­da we ABŞ-da ge­çen ýyl elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na is­leg ýo­kar­la­nyp­dyr. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de bol­sa, ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­ne bo­lan is­leg 2009-njy ýyl­dan bä­ri ikin­ji ge­zek aza­lyp­dyr. Şeý­le­lik­de, 2022-nji ýyl­da 3,5 gö­te­rim aza­lan is­le­giň 2025-nji ýy­la çen­li 3 gö­te­rim ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky ýyl­lar­da bol­sa, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­leg her ýyl or­ta­ça 2,4 gö­te­rim ar­typ­dyr.

Ogul­na­bat Mä­lik­gu­ly­ýe­wa, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by