Halkara Energiýa Agentligi (UEA) 2025-nji ýyla çenli dünýäde öndürilýän elektrik energiýasynyň ýarysynyň Aziýa ýurtlarynda sarp ediljekdigini mälim etdi. Agentligiň maglumatlaryna görä, dünýäde elektrik energiýasyna bolan islegiň 70 göteriminiň Hytaý, Hindistan we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna degişli boljakdygy çaklanylýar.
Maglumata görä, 2015-nji ýylda elektrik energiýasynyň global sarp edilişiniň dörtden biri Hytaýa degişli bolupdyr. Şondan bäri elektrik energiýasynyň sarp edilişini atdyrýan bu ýurt 2015-nji ýylda dünýäde öndürilýän elektrik energiýasynyň üçden birini sarp eder. Şeýlelikde ýurt Ýewropa Bileleşigi, ABŞ we Hindistan ýurtlarynyň ählisinden has köp energiýa sarp eder.
Mundan başga-da, Hindistanda we ABŞ-da geçen ýyl elektrik energiýasyna isleg ýokarlanypdyr. Ýewropa Bileleşiginde bolsa, energiýanyň bu görnüşine bolan isleg 2009-njy ýyldan bäri ikinji gezek azalypdyr. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda 3,5 göterim azalan islegiň 2025-nji ýyla çenli 3 göterim ösmegine garaşylýar.
Pandemiýadan ozalky ýyllarda bolsa, elektrik energiýasyna bolan isleg her ýyl ortaça 2,4 göterim artypdyr.
Ogulnabat Mälikgulyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
PDF









