Ar­heo­log­lar ta­ra­pyn­dan 30 ýyl ozal Yrak­dan ta­py­lan iki sa­ny to­ýun tab­liç­ka­nyň ýü­zün­dä­ki ga­dy­my ýaz­gy­la­ry bri­ta­ni­ýa­ly dil­çi alym­lar Manf­red Kre­ber­nik we Endr­ýu R. Jorj oka­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di­ler. Olar bu ýaz­gy­la­ryň bir­wagt­lar ýi­tip gi­den ha­sap­lan­ýan ken­gan­ly­la­ryň di­lin­de ýa­zy­lan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar.
“Live Science” web saý­ty­nyň hü­när­men­le­ri bu uly açy­şy Mü­sü­riň meş­hur “Ro­set­ta da­şy­nyň” ýü­zün­dä­ki ýaz­gy­la­ryň okal­ma­gy bi­len ba­ra­bar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar. Oal­ryň be­lel­me­gi­ne gö­rä, dil­çi alym­la­ryň bu açy­şy bir wagt­dan bä­ri ýi­tip gi­den ha­sap­lan­ýan ken­gan­ly­la­ryň di­li­ni jan­lan­dyr­ýar. Alym­lar to­ýun­dan edi­len ga­dy­my tab­liç­ka­da­ky ýaz­gy­lar bi­len bir­syh­ly iş­le­şen­le­rin­de, ahyr­so­ňy onuň sy­ry­ny aç­ma­gy ba­şar­dy­lar. Alym­lar ola­ry 2016-njy ýyl­dan bä­ri öw­re­nip gel­ýär­ler. Olar ýaz­gy­lar­da ak­kad di­li­niň kä­bir ala­mat­la­ry bar di­ýen ne­ti­jä gel­di­ler, bu bol­sa öz ge­ze­gin­de amor di­lin­den hem kä­bir ele­ment­le­ri ýü­ze çy­kar­dy. Ling­wist­ler bu tekst­le­riň, tak­my­nan, 4000 ýyl ozal ylym­da nä­bel­li bo­lan amo­reý­le­riň di­lin­de ýa­zy­lan­dy­gy­ny kes­git­le­di­ler. Bu halk ge­lip çy­ky­şy bo­ýun­ça Ken­gan­dan bo­lup, bi­ziň gün­le­ri­miz­de Si­ri­ýa­nyň, Ys­ra­ýy­lyň we Ior­da­ni­ýa­nyň ýer­leş­ýän ta­ry­hy se­bi­ti­dir.
Ys­ra­ýy­lyň Tel-Awiw uni­wer­si­te­ti­niň as­si­ro­lo­gi­ýa bo­ýun­ça pro­fes­so­ry Ýo­ram Ko­en hem bu ga­dy­my tab­liç­ka­la­ryň amo­reý di­li­ni öw­ren­me­gi ze­rur ha­sap­lan ga­dy­my ak­kad di­lin­de gür­le­ýän­ler üçin gol­lan­ma bo­lan­dy­gy­ny öňe sür­di. Pro­fes­sor mu­nuň kö­ne söz­lük bol­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.