Ne­bi­ti eks­port edi­ji ýurt­la­ryň gu­ra­ma­sy­nyň (OPEK) baş sek­re­ta­ry Haý­sam al-Gaýs gel­jek­dä­ki glo­bal ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin ne­bit önüm­çi­li­gi­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­ma­ga we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça gün ter­ti­bi­ni “has de­ňag­ram­ly we ada­lat­ly et­mä­ge” ça­gyr­dy. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň ma­li­ýe mag­lu­mat­la­ry ba­ra­da ha­bar ber­ýän “Bloom­berg” agent­li­gi ha­bar ber­ýär.
Al-Gaý­syň söz­le­ri­ne gö­rä, ener­gi­ýa ge­çi­şi ter­tip­li, äh­li za­dy öz içi­ne al­ýan bol­ma­ly we hem­mä­niň howp­suz­ly­gy­na ke­pil geç­me­li­dir.
Al-Gaýs ne­bit pu­da­gy­nyň köp ýyl­lar­dan bä­ri “yzy­gi­der­li ma­ýa go­ýum ýet­mez­çi­li­gi­ni” baş­dan ge­çir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ze­rur ma­ýa go­ýum­la­ry 2045-nji ýy­la çen­li ýyl­da 500 mil­liard dol­lar ta­lap eder.
OPEK 13 ýur­dy öz içi­ne al­ýar: Al­žir, An­go­la, We­ne­sue­la, Ga­bon, Yrak, Eý­ran, Kon­go, Ku­weýt, Li­wi­ýa, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Ni­ge­ri­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa. Gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy We­na­da ýer­leş­ýär.