Ge­çen ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň uly söw­da hyz­mat­da­şy­nyň ABŞ bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­le­le­şik um­ma­nyň aňyr­syn­da­ky ýurt bi­len 867,7 mil­liard ýew­ro­lyk ha­ryt we hyz­mat alyş-çal­şy­gy­ny edip­dir. Ýew­ro­pa sta­tis­ti­ka eda­ra­sy (Eu­ros­tat) Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hem-de Ýew­ro Se­bi­ti­niň hal­ka­ra söw­da ba­ra­da­ky ge­çen ýy­la de­giş­li mag­lu­mat­la­ry­ny ýaý­rat­dy. Mag­lu­mat­da Ýew­ro Se­bi­tin­de ge­çen ýyl eks­por­tyň ozal­ky ýy­la ga­raň­da 18 gö­te­rim ar­typ, 2 tril­li­on 877,8 mil­liard ýew­ro, im­por­tyň bol­sa, 37,5 gö­te­rim ar­typ, 3 tril­li­on 192,5 mil­liard ýew­ro ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de Ýew­ro Se­bi­tin­de eks­port im­port­dan 314,7 mil­liard ýew­ro kem bo­lup­dyr.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de eks­port 17,9 gö­te­rim ar­typ, 2 tril­li­on 572 mil­liard ýew­ro, im­port bol­sa, 41,3 gö­te­rim ar­typ, 3 tril­li­on 3,2 mil­liard ýew­ro ýet­di.
Şeý­le­lik­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da eks­port im­port­dan 431,2 mil­liard ýew­ro az bo­lup­dyr.
Şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 2021-nji ýyl­da 390,3 mil­liard ýew­ro ener­gi­ýa önüm­le­ri­ni im­port eden bol­sa, ge­çen ýyl bu gör­ke­zi­ji 113,6 gö­te­rim ar­typ, 833,7 mil­liard ýew­ro ýe­tip­dir.
Ge­çen ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar­dan iň köp im­port eden ýurt­lar 509,3 mil­liard ýew­ro bi­len ABŞ öň­de­li­gi eýe­le­di. Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk 328,6 mil­liard ýew­ro bi­len ikin­ji, Hy­taý 230,3 mil­liard ýew­ro bi­len üçün­ji bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji de­giş­li­lik­de Şweý­sa­ri­ýa üçin 188 mil­liard, Tür­ki­ýe üçin 99,6 mil­liard, Ýa­po­ni­ýa üçin 71,6 mil­liard, Nor­we­gi­ýa üçin 67,7 mil­liard, Gü­nor­ta Ko­re­ýa üçin 60,1 mil­liard we Rus­si­ýa üçin 55,2 mil­liard ýew­ro bo­lup­dyr.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne iň köp eks­port eden ýurt­la­ryň ara­syn­da 626 mil­liard ýew­ro bi­len Hy­taý öň­de­li­gi eýe­läp­dir. ABŞ (358,4 mil­liard) ikin­ji, Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk (218,6 mil­liard) üçün­ji, Rus­si­ýa (203,4 mil­liard) dör­dün­ji ýe­ri eýe­läp­dir. Nor­we­gi­ýa (160,7 mil­liard), Şweý­sa­ri­ýa (145,2 mil­liard), Tür­ki­ýe (98,6 mil­liard), Gü­nor­ta Ko­re­ýa (71,7 mil­liard) we Ýa­po­ni­ýa (69,7 mil­liard) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir.
Ge­çen ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len söw­da­da Hy­taý 395,7 mil­liard ýew­ro, Rus­si­ýa 148,2 mil­liard ýew­ro we Nor­we­gi­ýa 93 mil­liard ýew­ro ar­tyk gir­de­ji ga­zan­dy.