ABŞ-da Gün energiýa taslamasynyň meýilnamalary güýçli depginde durmuşa geçirilýär. Ýurtda iş alyp barýan “Electrify America” atly kompaniýa zarýad beriş beketleriniň sanyny köpelder. Bu başlangyjyň çäklerinde Kaliforniýada önümçilik kuwwaty 75 megawat (MWt) boljak Gün energiýa bekedi gurlar. Bu taslama sany barha artýan elektroulaglary arassa energiýa çeşmesi bilen üpjün eder. Häzirki wagtda “Electrify America” ABŞ-da iň uly çalt zarýad beriş torlarynyň biri hasaplanýar. Kompaniýanyň elektroulaglara zarýad berýän 800 bekedi bolup, olarda 3500 zarýad beriji nokat bar. Komapniýanyň Kaliforniýanyň San-Bernardino şäherinde gurmagy meýilleşdirýän Gün elektrik bekediniň düýbi tutuldy. Gün fermasynyň şu ýylyň tomsunda önümçilige başlar. Kompaniýa zarýad beriji ulgamlaryny arassa energiýa bilen üpjün etmek üçin beýleki şereketler bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.
Mähri Parahadowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









