ABŞ-nyň BMG-däki öňki hemişelik wekili, Günorta Karolinanyň ozalky gubernatory Nikki Heýli 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezidenti wezipesine dalaş etmekçidigini mälim etdi. Bu barada CNN teleýaýlymy saýlaw kampaniýasynyň başlanjakdygy baradaky wideo salgylanyp habar berdi.
Nikki “Men prezidentlige dalaş etmekçi” diýip, wideo ýüzlenmesinde belledi.
Nikki Heýli 2017-nji ýylyň ýanwaryndan 2018-nji ýylyň oktýabryna çenli ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili bolup işledi. Ol bu wezipä bellenenden soň, köp bilermenler gelejekde Heýliniň Respublikan partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär bolar diýip garaşýardylar. 52 ýaşly Heýli bilimi boýunça hasapçydyr. Ol syýasata gelmezden ozal, öz ugrundan, şeýle hem, “Exotica International” kompaniýasynda maliýe direktory bolup işledi.