Bütindünýä bankynyň ýolbaşçysy Dewid Melpas möhletinden öň wezipesinden gitmek barada karara gelendigini mälim etdi.
“Bütindünýä bankynyň başlygy Dewid Melpas dört ýyldan gowrak işländen soň, 30-njy iýunda tamamlanjak maliýe ýylynyň ahyryna çenli Bütindünýä bankynyň başlygy wezipesinden gitmek niýetiniň bardygyny tassyklady” diýlip, Bütindünýä bankynyň metbugat beýanatynda mälim edilýär.
Melpasyň bu kararynyň sebäbleri heniz aýdyňlaşdrylanok. Ýogsam Melpasyň ygtyýarlyklarynyň möhleti 2024-nji ýylda tamamlanýardy. Dewid Melpas Bütindünýä bankynyň 13-nji ýolbaşçysydyr. Ol bu wezipäni 2019-njy ýylyň 5-nji aprelinden bäri eýeläp gelýär.
Bütindünýä banky 189 döwleti özüne birleşdirip, maýanyň 16%-den gowragy ABŞ tarapyndan gönükdirilýär. Ştab-kwartirasy Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä banky dürli ýurtlardaky döwlet we hususy kärhanalara, hökümetlerinden kepillikler bolan halatynda, uzak möhletli az göterimli karzlary, şeýle hem göterimsiz karzlary we grantlary berýär. Maliýe serişdeleri bilim, saglygy goraýyş, döwlet dolandyryşy, infrastruktura, maliýe we hususy pudagy ösdürmek, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary dolandyrmak ýaly taslamalara gönükdirilýär. Taslamalar hökümetler, beýleki halkara guramalary, täjirçilik banklary, eksport-karz agentlikleri we hususy maýadarlar tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilip bilner.