Golaýda köpçülige tanyşdyrylan “Samsung”-yň “Galaxy S23” seriýasyna degişli telefonlar öz ata watanyndan rekord derejede sargyt kabul etdi. “Galaxy S23, Galaxy S23+” we “Galaxy S23 Ultra” telefonlaryna hünärmenler ýokary baha beripdiler. Bu telefonlar ýokary tizlikli, uzaga çekýän batareýaly we dury kameraly bolmagy bilen sarp edijileriň göwnünden turdy. Maglumatlara görä, kompaniýa “Galaxy S23” seriýasy üçin ýedi günüň dowamynda 1,09 milliondan gowrak sargyt kabul edipdir. “Galaxy S23 Ultra” telefonyndan 650 müň sargyt kabul edilip, umumy sargydyň 60 göterimini emele getirýär. Sargytlaryň 23 göterimini “Galaxy S23”, 17 göterimini “Galaxy S23+” emele getiripdir. Deňeşdirmek üçin, Günorta Koreýada “Galaxy S22” seriýasyna degişli smartfonlara bir hepdäniň dowamynda 1,01 million sargyt kabul edipdi.
Kompaniýa senenama ýylynyň dowamynda täze seriýadan “Galaxy S22” seriýasyndan 10 göterim köp satmagy meýilleşdirýär.
“Galaxy S23 Ultra”-nyň iň köp tapawutlanýan tehniki aýratynlygy 200 MP durulygyndaky kamerasy bolup, batareýasynyň hem güýçli bolmagy köp ulanyjynyň ünsüni çekýär.
Berkeli Jumageldiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF









