Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halyçylyk sungatyna berilýän goldawyň netijesinde ýurdumyzyň medeni mirasynyň iň gymmatly hazynasy bolan bu sungat kämillik derejesine çykarylyp, ösdürilýär. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar.«El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan inçe sungatymyz öz nepisligi, mizemez owadan öwüşginliligi bilen tapawutlanyp, onda ata-babalarymyzyň taryhy we medeniýeti barada syrly, gymmatly maglumatlar jemlenýär.Türkmeniň haly sungatynda şanly geçmişimiz, şu günümiz hem geljegimiz wasp edilýär. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyz türkmen halysynyň şan-şöhratynyň artmagyna uly üns berýär. Köpleri özüniň nepisligi bilen haýrana goýan türkmen halylarymyz toýlarymyzyň, öýlerimiziň bezegi. Irki döwürlerden bäri dokalyp gelýän «Guş gölli» halymyz dünýäde özüniň owadanlygy gaýtalanmajak gözelligi şeýle hem özüniň gyzyl reňki bilen äleme meşhurdyr. Häzirki döwürde halyçy zenanlarymyz «Guş gölli» halyny täze döwrebap görnüşde, ýagny ak reňkde hem-de göllerini sekizburçlugyň içinde edip dokaýarlar.
Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, nepislenip, kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan hallylar bilen XX asyrda dokalan we XXI asyrda dokalýan halylar deňeşdirilende göz ýetirmek bolýar. Irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny salmakda esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, häzirki döwrümizde bezeg üçin giňden ulanylýar. Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolunýar. Halyçylyk sungatynyň döremegine we kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň keremli topragymyzda jemlenendigini bellemek buýsançlydyr.Ýaz gyrkymy, inçeligi hem ýüpek ýaly ýumşaklygy bilen tapawutlanýan saryja goýunlaryň ýüňi el halylary dokamakda iň zerur bolan çig maldyr. Köz ýaly ýanyp duran gyrmyzy reňki diňe ak ýüňden alyp bolýar. Çal, goňur, açyk mele reňki diňe gök we gara gyzyl boýaglara ýatyrypdyrlar.Şol boýaglara reňklenen ýüplükden dokalan el halylar asyrlar geçse-de könelmeýär, saralyp-solmaýar, sarysy gitmeýär. Otlaryň dermanlyk güýjüni süňňüne siňdiren halylar ýyl geçdigiçe läle ýaly reňk saçýar, olaryň gölleriniň ýekejede çyzygy mizemeýär diýip bellenilýär. Bilermenleriň belleýşi ýaly, el halylaryny dokamagyň 20 usuly bolupdyr. Ol çeten, kepbe boýra, aldymgaç, iki ýüzli haly we beýleki görnüşleri bardyr. Halyda türkmeniň kalby bar. Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagyň syry hem şundadyr. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan türkmen halysy hem çeper elleriň astynda ösüpdir, özgeripdir we kämilleşipdir. Ýurdumyzda çeper halyçylyk kärhanalary köpelip, dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň sany gün-günden artýar. Bütin dünýäde belent at-abraýa eýe bolan ata Watanymyzyň edebi mirasy, milli medeniýet, çeper sungaty asyrlaryň dowamyndan şöhratly taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylyp, türkmen halkynyň baý mazmunly geçmişine öz gymmatlygyny eçilipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen «Janly rowaýat» atly kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Bu halynyň her inedördül metrinde 304 çitim bardyr. Şeýle hem mähriban Arkadagymyzyň halylar baradaky ikinji kitaby- 2016-njy ýylda neşir edilen «Arşyň nepisligi» eseri hem neşir edildi. Ol türkmen halkynyň medeni durmuşda halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamy boldy. Kitaby bezeýän ajaýyp reňbe-reň haly suratlary türkmen halysynyň ajaýyplygyny açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynda türkmen halysynyň ajaýyplygy ylmy nukdaýnazardan has giň we düýpli beýan edilýär. Eziz Arkadagymyz «Türkmen halysy halkymyzyň, mähir-muhabbetiniň älemgoşar öwüşginli lälesidir. Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňklerini dili bilen ýazan ýürek ýazgysydyr. Ajaýyp halylarymyz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şanydyr» diýýär. Mähriban Arkadagymyzyň bu pähimli jümleleri türkmen halysynyň inçe syrlaryny açmaga we ony ýaş nesle öwretmäge borçly edýär.
2019-njy ýylyň 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogobada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edilen Türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. El halyçylygyň ajaýyp sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmeginde we mundan beýläk-de ösdürilmeginde mähriban Arkadagymyzyň şahsy goşandy ägirt ulydyr. Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriň hazynasy bolup durýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr. Alymlaryň, hünärmenleriň we halyçylaryň gözleglerde we tutanýerli zähmet çeken ýyllarynyň dowamynda gadymy nagyşlaryň ýüzlerçesi dikeldildi, ajaýyp sungatyň irki nusgasy rejelendi. Bu täsin gymmatlyklaryň hazynasy daşary ýurtly myhmanlary tüýs ýürekden haýran galdyrýar. Ol haly eserleri bu ýere gelýänlere şan-şöhraty dünýäde dabaralanýan türkmen halylarynyň gözelligini we gaýtalanmajak kämilligini barha täzeden açýar. Dünýä jahankeşdelerini, alymlaryny haýrana goýýan gözelligiň we kämilligiň baýdagy bolan milli türkmen halylarymyz taryhyň uzak dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan döredilip gelnen beýik sungatdyr, beýik gudratdyr!
Şirin AKMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.