Eziz Diýarymyzda il saglygy ýurduň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär we kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň saglygy barada döwletimiziň edýän aladasyndan nyşandyr.
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bular barada giňişleýin durlup geçilmek bilen, 10-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini hem-de Stomatologiýa merkezini gurmak hakynda Kararlara gol çekildi.
Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş binalaryny gurmagy dowam etdirmek bu ulgamyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Hut şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, şeýle hem Stomatologiýa merkezlerini gurmak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bu taslamalary düzmek, olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işlerini «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy durmuşa geçirer. Kompaniýa merkezler üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň, desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini hem ýerine ýetirer. Merkezleriň gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň mart aýynda başlanylyp, Halkara pediatriýa we Stomatologiýa merkezleri 2026-njy ýylyň fewral aýynda, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bolsa 2026-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň» çäklerinde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurdumyzda 74 hassahana, 148 sany saglyk öýi guruldy. Häzirki wagtda-da Diýarymyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly desgalaryň ençemesiniň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Bularyň ählisi adam maýasyny ösdürmek, döwletiň netijeli durmuş syýasatyny alyp barmak, ylma, bilime, medeniýete, sporta we dynç alşa, durmuş goraglylygyna, saglygy goraýşa gönükdirilýän býujet serişdeleriniň möçberini artdyrmak boýunça ýola goýlan işleriň oňyn netijesi bolup çykyş edýär. Şu ýyl üçin Döwlet býujetinden durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 14,1 göteriminiň saglygy goraýşa gönükdirilmegi ýurdumyzyň durmuş strategiýasynda adam maýasyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär.
Öwezmyrat ÖWEZMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.