Ilkinji elektroulagynyň bahasyny arzanlatdy

68

“Toyo­ta Chi­na” kom­pa­ni­ýa­sy bäs­deş­li­giň bar­ha güýç­len­ýän ba­za­ryn­da­ky sa­tu­wy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len il­kin­ji elekt­rou­la­gy bo­lan bZ4X-iň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­dy. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “RAV4” mo­de­li­niň ba­za­syn­da dö­re­di­len has uly gör­nüş­li elekt­rou­la­gy bo­lan bZ4X in­di­den beý­läk 25 müň dol­lar­dan (169,800 RMB) sa­ty­lar. “Toyo­ta” bu ula­gy­ny il­kin­ji ge­zek Hy­taý­da 2022-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da 29 müň dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryp­dy. Şeý­le­lik­de “Toyo­ta” bu ýurt­da bäs­deş­lik ukyp­ly­ly­gy­ny sak­la­mak üçin “bZ4X”-iň ba­ha­sy­ny 15 gö­te­rim ýa-da 20 müň RMB (4300 dol­lar) ar­zan­lat­dy.
Elekt­rou­lag­la­ryň gör­nü­şi­niň art­ma­gy, has ar­zan ba­ha­ly ýer­li (hy­taý) brend­le­riň elekt­rou­lag­la­ry­nyň ba­za­ra çy­ka­ryl­ma­gy bi­len hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar elekt­rou­lag­la­ry­nyň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­ma­ly bol­ýar­lar. “Toyo­ta” ýan­war aýy­na çen­li Hy­taý­da 3 müň 844 “bZ4X” mo­de­li­ni sa­typ­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýa­pon aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri hy­taý aw­tou­lag ba­za­ry­nyň 19 gö­te­ri­mi­ni tut­ýar. Hy­taý­da sa­tyl­ýan aw­tou­lag­la­ryň ara­syn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri­niň pa­ýy bar­ha art­ýar. Ýurt­da ge­çen ýyl sa­ty­lan ulag­la­ryň 20 gö­te­ri­mi­ni elekt­rou­lag­lar eme­le ge­ti­rip­dir. Ýurt­da BYD, “Gee­ly”, “Tes­la”, NIO, “Xpeng” we baş­ga-da köp san­ly aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si öz ha­ryt­la­ry­ny hö­dür­le­ýär.

Nur­my­rat Aga­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.