Wenesuelanyň we Kolumbiýanyň Prezidentleri serhetde guralan bilelikdäki dabarada ýurtlaryň arasynda söwda şertnamasyna gol çekdiler. Prezidentleriň pikiriçe, täzelenen söwda düzgünleri 2019-njy ýylda bökdelen gatnaşyklary janlandyrmaga niýetlenendir. Taraplaryň pikiriçe Wenesuela we Kolumbiýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 8 milliard dollara ýetýär.
-Biz bu ýerde integrasiýa tarap ýene bir ädim bolan şertnama gol çekýäris. Bu şertnama iki ýurduň arasynda bolup biljek söwda päsgelçiliklerini aýyrmaga mümkinçilik berer – diýip, Koumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro aýtdy.
Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduronyň pikiriçe, häzirki wagtda iki doganlyk ýurt syýasy, ykdysady, söwda we demografiki dinamikany täzeden ýola goýýar.
Wenesuela bilen Kolumbiýanyň arasyndaky gatnaşyklar 2019-njy ýylda belli sebäplere görä, kesildi. Täze saýlanan Prezident Gustawo Petro Wenesuela bilen gatnaşyklary täzeden ýola goýmak niýetini mälim edip, 7-nji awgustda wezipesine girişdi. Gumanitar nukdaýnazardan başga-da, iki ýurtda millionlarça adamyň dogan-garyndaşlary ýaşaýar.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Wenesuela bilen Kolumbiýanyň araçäkleri doly açylyp, ulag gatnawy ýola goýuldy. Wenesuelanyň Milli Assambleýasy Bogotada täze ilçiniň bellenilmegi bilen bir wagtda Boliwariýa Wenesuela Respublikasy bilen Kolumbiýa Respublikasynyň arasynda maýa goýumlaryny ösdürmek baradaky ylalaşygy tassyklaýan kanunyň taslamasyna ses berdi.